Kanadaly suratçy 50 metr çuňlukda fotosessiýa edip dünýä rekordyny täzeledi

  • 25.01.2025 15:12
  • 10k+

Kanadaly suratçy Stiwen Haýning bu täsin suratlary düşürmek üçin bir ýyldan gowrak taýýarlyk gördi we netijede ol dünýä rekordyny täzelemegi başardy. Model Siara Antowski we howpsuzlyk boýunça hünärmenler topary bilen bilelikde Haýning suwastynda iň çuň ýerde fotosessiýa geçirmek boýunça Ginnesiň rekordlar kitabyna üçünji gezek atlaryny ýazdyrdylar diýip, PetaPixel neşiri habar berýär.

Fotosessiýa 49,80 metr çuňlukda geçirildi. Bu 2023-nji ýylyň dekabr aýynda Kim Bruno we Pieý Oýarsunyň 39,92 metr çuňlukda goýan rekordyndan has ýokary netije boldy.
Haýningiň ozalky rekord goýan fotosessiýalary – 2023-nji ýylyň iýul aýynda 10 metre barabar we 2023-nji ýylyň noýabr aýynda bolsa 30 metre barabar çuňlukda geçirilipdi.
Haýningiň täze rekordy, öňki synanyşyklardan-da has aýdyň üstünlik bolup durýar. Sebäbi olar 39 metrden aşakdaky dekompressiýa zolagynda 10 minutdan gowrak saklanmaly boldular.
39 metrden geçýän çuňluklara çümmek üçin, dekompressiýa keseli (bedene köp mukdarda azodyň we beýleki gazlaryň siňmegi) ýaly howplardan goranmak boýunça goşmaça howpsuzlyk çäreleri zerur bolup durýar.


18.06.2026 22:32
4.6k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.9k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
5.1k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....