Di Kaprio we Skorseze ýene bile işleşer: täze “Ak şäherdäki melgun” filmine garaşylýar

  • 25.01.2025 10:42
  • 3.9k+

Golliwudyň meşhur ýyldyzy Leonardo Di Kaprio we Martin Skorseze ýene-de bilelikde işlemäge taýýarlanýar. Bu gezek režissýor “Oskar” alan aktýor Erik Larsonyň “Ak şäherdäki melgun” (The Devil in the White City) kitabynyň ekranlaşdyrmasynda düşürer diýip, Deadline habar berýär.

Taslama 1893-nji ýylda Çikagodaky Bütindünýä sergisi wagty bolup geçen wakalara bagyşlanýar. Larsonyň kitaby iki ugurdaş wakany gürrüň berýär: serginiň gurluşygyna ýolbaşçylyk eden binagär Daniel Bernem barada we azyndan 27 adamy pidasyna öwren şol wagtky ganhor G.G.Holms barada.
Film 20 ýyldan gowrak wagt işlendi, indi bolsa 20th Century studiýasy tarapyndan önümçilige goýberildi.
Di Kaprio baş keşp barada gepleşik geçirýär, häzirlikçe onuň kimiň roluny: Bernemi ýa-da Holmsy oýnajakdygy belli däl. Öň, Di Kaprio 2010-njy ýylda ekranlaşdyrma üçin hukuk alanda, onuň ganhoryň keşbinde peýda boljakdygy çak edildi. Öz gezeginde, Skorseze hem režissýorlyk kürsüsi barada gepleşikleri geçirýär. Olaryň ikisi-de lentanyň prodýuserleri bolup çykyş eder.
Di Kaprio we Skorseze üçin bu film ýedinji bilelikdäki iş bolar. Mundan öň olar “Nýu-Ýorkuň bandalary” (Банды Нью-Йорка), “Awiator” (Авиатор), “Merhumlar” (Отступники), “Näletlenenleriň adasy” (Остров проклятых), “Uoll-stritiň möjegi” (Волк с Уолл-стрит) we “Gül Aýynyň ganhorlary” (Убийцы цветочной луны) ýaly meşhur filmleriň üstünde işledi.
Eger film düşürilse, onda “Ak şäherdäki melgun” (Дьявол в Белом городе) Skorsezäniň 2016-njy ýyldaky “Ümsümlik” (Молчания) filminden soň ilkinji kinoteatr relizi bolar. Režissýoryň ondan soňky filmleri akym platformalarynda çykypdy.
Ilkibaşda “Ak şäherdäki melgun” kitaby boýunça Hulu üçin teleserial düşürmek meýilleşdirilipdi, ýöne 2023-nji ýylda bu taslama ýatyryldy. Indi waka doly metražly film görnüşinde öz beýanyny tapar.


düýn 20:14
1.8k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......