Koreý alymlary adamyň bäş duýgusyny gaýtalaýan datçik döretdiler

  • 25.01.2025 10:29
  • 3.4k+

Günorta Koreýanyň alymlary adamyň bäş duýgusyny gaýtalaýan ýarymgeçiriji süýümlere esaslanýan köpugurly datçigi döretdiler. Täze tehnologiýa bir wagtyň özünde ýagtylygy, basyşy we daşky gurşawyň kislotalylyk we ammiagyň düzümi ýaly himiki parametrlerini ölçeýär.

Datçik molibdeniň disulfidi (MoS2) ulanylyp ýasaldy, bu bolsa onuň ýokary duýgurlygyny we ygtybarlylygyny üpjün edýär. Önümçilik wagtynda emele gelýän süýümleriň üç ölçegli spiral gurluşly bolmagy enjam daşky gurşawyň  üýtgeşmelerine, şol sanda mehaniki deformasiýa takyk jogap berip biler.
Täze datçik ýanyňda göterilýän elektronikada, Zatlar internetinde, ýumşak robot tehnikasynda we daşky gurşawa gözegçilik ediji duýgur enjamlarda ulanylyp bilner. Datçik -40° C-den +120° C çenli aralykda durnukly işleýändigini görkezýär, bu bolsa ony kyn şertlerde ulanmak üçin uniwersal edýär.
Barlagyň awtorlarynyň biri professor Bonhun Kim bu eseriň iki ölçegli nanomateriallary ulanmakda täze gözýetimleri açýandygyny aýtdy. Alymlar sensorlaryň takyklygyny we işleýşini ýokarlandyrmak üçin tehnologiýalary öwrenmegi dowam etdirmekçi bolýarlar.


düýn 08:10
4.2k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

21.06.2026 16:08
3.5k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
4.2k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
3.2k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......