Ford akkumulýatorynyň näsazlygy sebäpli 270 müňden gowrak ulagyny yzyna çagyrýar

  • 25.01.2025 10:20
  • 2.3k+

Ford kompaniýasy 12 woltlyk akkumulýatorynyň kemçiligi sebäpli, ABŞ-da 272 817 ulagyň yzyna çagyrylandygyny habar berdi. Näsazlyk 2021-2023-nji ýyllaryň Ford Bronco Sport we 2022-2023-nji ýyllaryň Ford Maverick modellerine degişlidir.

ABŞ-nyň Milli ýol hereketiniň howpsuzlygy dolandyryş gullugynyň (NHTSA) berýän maglumatlaryna görä, batareýa wagtyň geçmegi bilen peselip, hatardan çykyp biler. Bu bolsa elektrik ulgamlarynyň näsaz işlemegine, heläkçilik  çyralarynyň ýanmagyna we güýjüniň doly ýitmegine sebäp bolup biler. Bu ýolda heläkçilikli ýagdaýlaryň ýüze çykmak howpuny ýokarlandyrýar.
Ford agzalan awtoulaglaryň eýeleriniň mugt gözden geçirtmek we zerur bolsa näsaz akkumulýatory çalyşmak üçin ygtyýarly söwda dellallaryna ýüz tutup  biljekdiklerini aýtdy. Şeýle hem kompaniýa eýelerini ulaglarynyň elektrik ulgamlarynyň ýagdaýyna ýakyndan gözegçilik etmäge we näsazlygyň ilkinji alamatlary ýüze çykan dessine, meseläni çözmek üçin hyzmat merkezlerine ýüz tutmaga çagyrýar.


düýn 17:27
1.6k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

09.05.2026 09:12
2.2k+

Ford Mustang Cobra Jet 2200 elektromobilleriň tizlik rekordyny täzeledi

Ford Motor Company tarapyndan öndürilen Ford Mustang Cobra Jet 2200 drag-reýsing ýaryşlarynda elektrik awtoulaglarynyň arasynda täze dünýä rekordyny goýdy....

27.04.2026 19:03
3.5k+

Ford Mustang-y dört gapyly sedana öwürmek isleýärler

Ford meşhur Mustang-yň dört gapyly wersiýasyny işläp düzýär. Ol 2028-nji ýyla çenli, ähtimal, Mach 4 ady bilen satuwa çykarylyp bilner....

24.04.2026 18:17
2.5k+

Ford-yň syrly Mustang modeli Nýurburgringde täze aýlaw rekordyny goýdy

Ford konserni meşhur Nýurburgring ýolunda Ford Mustang GTD Competition ýörite wersiýasynyň täze rekord goýandygyny resmi taýdan yglan etdi....