GFL ligasy Toni Fergýuson bilen şertnama baglaşdy

  • 25.01.2025 10:09
  • 6.5k+

Garyşyk başa-baş söweş sungaty boýunça täze GFL (Global Fight League) ligasy sosial ulgamlardaky sahypasynda ýeňil agramda UFC-niň wagtlaýyn titulynyň öňki eýesi Toni Fergýuson bilen şertnama baglaşandygyny habar berdi.

Fergýuson professional karýerasyna 2008-nji ýylda başlady we häzire çenli 36 söweşe gatnaşdy. Onuň hasabynda 25 ýeňiş we 11 ýeňliş bar.
Fergýuson soňky söweşini 2024-nji ýylyň awgust aýynda geçirdi. Bu söweşde birinji raundda demikdiriji usul bilen Maýkl Kýezeden ýeňildi. Bu ýeňliş onuň üçin soňky bäş ýylda yzygider sekizinji boldy. Umuman aýdanyňda, Toni 2019-njy ýyldan bäri ýeňiş gazanmady.
Belläp geçsek, GFL – täze amerikan ligasy bolup, ol UFC we PFL ligalaryndan tapawutlanar. Guramaçylaryň aýtmagyna görä, liga söweşijiler bilen girdejini 50/50 paýlaşmaga taýýar. Promouşeniň resmi ýüzi bolup öň PFL-de tejribesi bolan Darren Ouen çykyş eder. Habar berlişi ýaly, liganyň şertnama baglaşan söweşijileriniň sany eýýäm 300-e ýetýär.


şu gün 08:32
7.5k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....

düýn 15:55
8.9k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

düýn 15:42
8.9k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......

düýn 14:57
4.7k+

Pereýra üçünji guşagyny alyp bilmedi: Siril Gan söweşi nokaut bilen jemledi

Aşgabat wagty bilen 15-nji iýunda irden Waşingtonda, Ak tamyň çäginde taryhy UFC Freedom 250 ýaryşy geçirildi....