15 klub Ýewropa ligasynyň pleý-off tapgyryna çykmaga hukuk gazandy

  • 24.01.2025 17:41
  • 9.4k+

Ýewropa ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň tamamlanmagyna bir oýun galanda, ýaryşyň pleý-off oýunlaryna gatnaşmagy kepillendirilýän 15 topar kesgitlendi.

Şu klublar indiki tapgyra çykdylar: “Lasio”, “Aýntraht, “Atletik”, “Mançester Ýunaýted”, “Lion”, “Tottenhem”, “Anderleht”, “Stýaua”, “Galatasaraý”, “Bodýo/Glimt”, "Wiktoriýa" (Plzen), “Olimpiakos”, “Reýnjers”, “AZ Alkmar” we “Ýunion”.
Pleý-off-yň galan dokuz ýeri üçin 14 topar bäsleşýär: “Aýaks”, PAOK, “Real Sosýedad”, “Midtýullan”, “Elfsborg”, “Roma”, “Ferenswaroş”, “Fenerbahçe”, “Beşiktaş”, “Portu”, “Twente”, “Braga”, “Hoffenhaým” we “Makabi” (Tel-Awiw).
Ýedi klub eýýäm pleý-off ýaryşyndan çykdy: “RFŞ”, “Slawiýa”, “Malmýo”, “Ludogores”, “Karabah”, “Nissa” we “Dinamo” Kiýew. Bu toparlar toparça tapgyrynyň tamamlanmagyna bir oýun galanda ýaryşyň iň gowy 24 toparynyň hataryna girmek mümkinçiligini ýitirdi.
Toparlaýyn tapgyrynyň soňky oýunlary 30-njy ýanwarda bolar.
Ýewropa ligasynyň häzirki ýeňijisi geçen möwsümiň finalynda “Baýeri” 3-0 hasabynda ýeňen “Atalanta” bolandygyny ýatladýarys.


şu gün 16:38
4.5k+

Türkmen emini AFK-nyň Çempionlar ligasy 2-niň «Al-Ahli» — «Esteglal» duşuşygyna gatnaşar

Türkmenistandan FIFA-nyň emini Resul Mämmedow 2025–2026 möwsüminiň AFK-nyň Çempionlar ligasy 2-niň 1/8 finalynyň jogap duşuşygy üçin ätiýaçdaky emin hökmünde bellenildi. Kataryň «Al-Ahli» we Eýranyň «Esteglal» toparlarynyň arasyndaky bu oýun 18-nji fewralda Dohanyň «Al-Tumama» stadionynda geçiriler...

şu gün 15:35
1.2k+

Aşgabatda «Grassroots Football Day» çagalar futbol festiwaly geçirildi

Türkmenistanyň paýtagtynda «Grassroots Football Day» festiwaly geçirildi. Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň hem-de Aşgabat şäheriniň Bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň guramagynda we «Altyn asyr» futbol klubunyň goldawy bilen geçirilen bu çäre futbol janköýeri bolan 100-den gowrak çagany bir ýere jemledi...

düýn 10:36
8.1k+

Kim köp gazanýar, Holandmy ýa Mbappe? Transfermarkt hasabyny çykardy

Futbolçylaryň transfer bahasyny bahalandyrmak boýunça ýöriteleşen Transfermarkt portaly Ýewropanyň öňdebaryjy çempionatlarynyň iň köp hak alýan oýunçylarynyň reýtingini hödürledi. Reýtingde birinji orny «Mançester Siti» toparynyň hüjümçisi Erling Holand eýeledi...

düýn 03:37
4.3k+

«Inter Maýami» MLS-iň iň gymmat kluby boldy

«Forbes» amerikan žurnaly MLS klublarynyň gymmatlygy boýunça täzelenen sanawyny hödürledi. Sanawyň birinji ornuny bazardaky bahasy 1,35 mlrd dollara ýeten «Inter Maýami» eýeledi. Klubuň meýdançadan daşary täjirçilik üstünliklerine Lionel Messiniň topara goşulmagy uly täsir etdi...