Netflix onlaýn kinoteatryna ýazylanlaryň sany 300 mln adamdan geçdi

  • 24.01.2025 17:31
  • 2.1k+

Netflix-iň 2024-nji ýylyň dördünji çärýegindäki maliýe hasabatynyň netijesinde, onlaýn kinoteatra ýazylanlaryň sanynyň bütin dünýäde 301 mln adamdan geçendigi belli boldy.

Ilkibaşda dördünji çärýekde hyzmata ýazylan ulanyjylaryň sanynyň 9,18 mln adam artmagyna garaşylypdy, ýöne netije has gowy boldy – ýazylanlaryň sany 18,91 mln adam artdy (2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende 15,9% ösüş).
Şeýlelikde, ABŞ-dan we Kanadadan 4,82 mln, Ýewropadan, Ýakyn Gündogardan we Afrikadan bolsa 5 mln adam ýazyldy. Latyn Amerikasy platforma 4,15 mln, Aziýa 4,94 mln adam getirdi.
Tomaşaçylaryň onlaýn kinoteatra bolan gyzyklanmasynyň artmagyna birnäçe premýera täsir etdi. Mysal üçin, ulanyjylar Jeýk Pol bilen Maýk Taýsonyň arasyndaky söweşe işjeň tomaşa etdi.
Mundan başga-da, Netflix-de Teron Ejertonyň baş keşbi ýerine ýetirmegindäki “El goşy” (Ручная кладь) trilleri meşhurlyk gazandy. Aýratynam, “Kalmar oýny” koreý serialynyň ikinji möwsümi tomaşaçylaryň arasynda uly gyzgalaň döretdi we eýýäm 126 milliondan gowrak tomaşa ýygnamaga ýetişdi. Geljekde onuň birinji möwsümiň görkezijilerinden öňe geçmegine garaşylýar.
Ölüm howply oýunlar baradaky wakanyň ahyrky bölümleri şu ýyl, maglumatlara görä, 27-nji iýunda çykar.


23.06.2026 22:06
897

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

21.06.2026 10:41
1.9k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.7k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
3k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......