Marsa 45 günde baryp bolar. ABŞ-da kosmos raketalary üçin ýadro ýangyjyny synag edildi

  • 24.01.2025 14:42
  • 5.6k+

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda raketa hereketlendirijileri üçin ýadro ýangyjy mümkin boldugyça ulanylyşa ýakyn şertlerde üstünlikli synag edildi. Bu üstünlik Marsa uçuşyň wagtyny bäş esse, ýagny 45 güne çenli azaldar. Häzirki tehnologiýalar bilen Gyzyl planeta ýetmek üçin 6-7 aý wagt gerek bolardy diýip, Interesting Engineering belleýär.

Ýadro raketa ýangyjynyň ilkinji üstünlikli synagy barada General Atomics Electromagnetic Systems (GA-EMS) yglan etdi. Synaglar NASA-nyň Marşal adyndaky Kosmos uçuşlary merkezinde (MSFC) CFEET desgasynda geçirildi.
Ýadro ýylylyk hereketlendirijilerini döretmegiň (NTP) taslamasy DARPA DRACO maksatnamasy tarapyndan maliýeleşdirilýär. Hereketlendirijiniň bu görnüşi reaktoryň işjeň kamerasyna berilýän iş suwuklygyny gyzdyrmak arkaly işleýär. Iş suwuklygy hökmünde wodorod saýlandy.
Ýangyç 2326° C-a çenli wodorod bilen gyzdyrylýan alty gezek 20 minutlyk ýylylyk sikline sezewar edildi. Esasan, ýadro bölünmesi reaksiýasy wodorody gyzdyrar we çykýan zyňyndysyny reaktiw çekiş güýjüni döretmek üçin ulanar. Şeýle şertlerde ýadro ýangyjy ýokary derejede gyzdyrylan wodorodyň agressiw täsirine sezewar bolar, şonuň üçin onuň näçe wagtlap işjeň ýagdaýda galjakdygyny öňünden bilmeli. Barlag ähli synaglardan soň ýangyç gurnamalaryna zeper ýetmändigini we kemçilikleriniň ýokdugyny görkezdi.

“Ýangyç kosmosda işleýän NTP reaktorynyň adatça duçar bolýan aşa ýokary temperaturasyna we gyzgyn wodorod gazyna döz gelip bilmelidir. "Synagyň ýangyjyň şeýle ulanylyş şertlerine çydap biljekdigini subut edýän oňyn netijeleri bizi ruhlandyrýar" – diýip, GA-EMS-iň prezidenti Skott Forni mälim etdi.

Şeýle tehnologiýany üstünlikli ornaşdyrmak astronawtlaryň saglygyna abanýan howplary ep-esli azaltmaga we uzak kosmosy özleşdirmäge çemeleşmäni üýtgetmäge kömek eder.


şu gün 10:51
581

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

düýn 23:32
2.8k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

08.06.2026 16:17
2.7k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

07.06.2026 19:54
2k+

NASA geljekki bazany taýýarlamak üçin Aýa her aýda robotlary iberer

NASA 2027-nji ýyldan başlap, Ýeriň tebigy hemrasynyň günorta polýusynyň töwereginde geljekki bazanyň infrastrukturasyny taýýarlamak üçin Aýa takmynan her aýda uçarmansyz missiýalary geçirmegi meýilleşdirýär....