«Bölüniş» serialy Apple TV+ platformasyna 200 million dollardan gowrak girdeji gazandyrdy

  • 24.01.2025 09:18
  • 2.4k+

«Bölüniş» (Разделение) serialynyň birinji möwsümi Apple TV+ platformasyna 200 million dollardan gowrak girdeji getirdi. Parrot Analytics kompaniýasynyň analitikleri, mazmuny bahalandyrmak üçin tomaşaçylaryň talaplaryny, abuna ýazylanlaryň sanyny we hyzmatyň umumy girdejisini hasaba alýan formula esasynda hasaplama geçirdiler diýip, Deadline ýazýar.

Hasaplamalaryň netijelerine görä, «Bölüniş» (Разделение) serialy, «Haýal atlar» (Медленные лошади), «Irdenki şüweleň» (Утреннее шоу) we «Ted Lasso» ýaly üstünlikli şüweleňleriň hataryna goşuldy.
Soňky iki ýylyň dowamynda, «Haýal atlar» (Медленные лошади) britan içaly taslamasy Apple TV+ platformasyna 184 million dollar girdeji gazandyrdy. Jennifer Aniston we Riz Uizerspunyň bilelikdäki žurnalistika dramasy bolsa, has uzak wagtyň dowamynda 299,4 million dollar girdeji getirdi.
Parrot Analytics-yň bellemegine görä, «Bölüniş» serialynyň birinji möwsümi diňe bir tankytçylardan ýokary baha almak bilen çäklenmän, eýsem Apple-yň premium derejesindäki mazmunyny orta goýup, tomaşaçylar tarapyndan uzak wagtyň dowamynda hem görülmegi başardy. Sebäbi tomaşaçylaryň takmynan ýarysy ony ilkinji görkezilişden bir ýyl soň görüp başladylar.

Iň köp girdeji bolsa «Ted Lasso» serialynyň üç möwsüminden geldi. Serial platforma 2020-nji ýylyň iýuly bilen 2024-nji ýylyň iýuly aralygynda jemi 609,4 million dollar girdeji getirdi.


düýn 09:56
1.9k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.5k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.6k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......