Alymlar Ýer ýüzünde iň howply wiruslaryň birine garşy göreşde öňegidişlik gazandy

  • 24.01.2025 08:20
  • 4.1k+

Garward lukmançylyk mekdebinden amerikaly alymlar ýarganatlaryň üsti bilen ýaýraýan ölüm howply patogen bolan Nipah wirusynyň möhüm elementiniň kartasyny düzdi. Ylmy gözleg Cell žurnalynda neşir edildi.

Nipah wirusy 1999-njy ýylda ilkinji gezek ýüze çykaryldy. Patogeni ýaýradyjylar bolup miweler bilen iýmitlenýän ýarganatlar çykyş edýär we wirus olardan doňuzlara hem adamlara ýokuşyp bilýär. Şeýle-de, wirus adam gönüden-göni iýmit ýa-da howa-damja ýoly bilen geçip biler.
Agyr ýagdaýlarda ýokanç kesel çynlakaý respirator kesellerine we ensefalite getirýär. Nipah wirusyndan ölüm derejesi 40 – 75%-e barabardyr. Häzirki wagtda goldaw berýän bejergilerden başga, bu keseli bejermek üçin sanjymlar ýa-da netijeli usullar ýok.
Täze ylmy gözlegde alymlar wirus mehanizminiň wirus polimeraza toplumy diýlip atlandyrylýan bölegine ünsi jemledi. Bu wirusyň öz genetiki materialynyň nusgasyny döretmek, ony ýaýratmak we öýjükleri zäherlemek üçin ulanýan beloklar toparydyr.
Hünärmenler wirusyň polimerazasynyň we onuň esasy aýratynlyklarynyň jikme-jik üç ölçegli kartinasyny döretdi. Wirus mehanizminiň bu böleginiň gurluşyna we özüni alyp barşyna düşünmek patogeniň öz göterijisiniň içinde nähili köpelýändigini görkezýär.
Ylmy gözlegçileriň belleýşi ýaly, häzire çenli Nipah wirusynyň polimerazasynyň gurluşy we funksiýalary doly öwrenilmändi. Wirus mehanizminiň bu böleginiň ýüze çykarylmagy bolsa howply patogeniň içki iş mehanizmini öwrenmäge tarap möhüm ädim boldy. Açyş howply kesel bilen göreşmegiň netijeli usullaryny döretmäge kömek eder.


düýn 23:14
3.9k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
2.9k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.7k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....