Toyota harp we san belgilerini taşlap, öňki doly atlaryna dolanar

  • 23.01.2025 16:22
  • 9.4k+

Toyota birnäçe ýyl mundan ozal, elektrikli awtoulaglarynda harp we san belgilerini ulanmagy ýola goýdy. Kompaniýa ulaglaryň adyny tertipli, düşnükli hem-de ýatda galyjy etmegi maksat edinipdi. Emma bu üýtgeşme Ýewropa bazaryndaky alyjylara ýaramady. Bu barada Toyota-nyň Ýewropadaky marketing bölüminiň müdiri Andrea Karluççi, “Autocar” neşiri bilen söhbetdeşliginde aýdyp geçdi.

Markanyň wekiliniň sözlerine görä, modelleriň atlandyrylyşynda harplaryň we sanlaryň ulanylmagy ulaglaryň ölçeglerini we derejelerini alyjylara düşündirmegi aňsatlaşdyrmak üçin edilipdi. Mysal üçin, “bZ4X” belgisi bir giden simwollaryň ýygyndysy ýaly bolup görünýär, emma aslynda onuň manysy bar: bZ – “Noldan öte” (beyond Zero, elektrik liniýasynyň umumy belgisi) diýmekdir, 4 – modeliň ölçegini derejelendirýär, X – bolsa krossower klasyna degişlidigini aňladýar.
Karluççiniň belleýşi ýaly, bu konsepsiýa Ýewropada halanmady: alyjylar açyk duýduryş berdiler, kompaniýanyň Ýaponiýadaky baş edarasy bolsa bulary diňledi. Şonuň üçin, bZ4X-den soňky käbir täze modeller şol bir stilde atlandyrylsa-da, Toyota soňky krossowerine has düşnükli at – ýagny Urban Cruiser adyny berdi.


düýn 14:05
3.7k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

düýn 08:16
2.5k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
4.9k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......