ChatGPT-niň "ata-babasy" tapyldy. Alymlar 60 ýyldan soň dünýäde ilkinji çat-boty dikeltdiler

  • 23.01.2025 15:34
  • 5.7k+

1960-njy ýyllarda Massaçusets tehnologiýalar institutynyň (MIT) professory Jozef Weýsenbaum (1923-2008) dünýäde ilkinji çat-bot bolan ELIZA-ny döretdi. Şol döwürde “çat-bot” adalgasy heniz ýokdy, şonuň üçin alym öz döreden ulgamyna   “elektron psihoterapewt” hökmünde garapdyr.

Çat-bot sowal/jogap guraly hökmünde ulanmak maksady bilen işlenip taýýarlanypdyr. Ulanyjy ulgama ýönekeý sorag beripdir, ulgam oňa jogap beripdir we psihoterapewtiň näsagy kabul edişi ýaly, öz soragyny beripdir.
Uzak wagtlap programmanyň asyl kody ýitirilen hasaplanyp gelindi, ýöne Stenford uniwersitetiniň we MIT-iň barlagçylary Weýsenbaumyň arhiwinden onuň çap edilen görnüşini tapdylar.
Barlagçylaryň topary kody arassalap, sazlapdyrlar, soňra ELIZA-nyň interfeýsini 1960-njy ýyllardaky görnüşine geler ýaly emulýator döretdiler. Netijeler şeýle gowy bolar diýip özlerem garaşmandy: programma söhbetdeşlige ulanyjyny işjeň çekip, ony gowy goldady.

"Kompýuterçileriň kody olaryň pikirleriniň ýazgysy diýen ýaly. "Tehniki nukdaýnazardan seredenimizde, tapan kodumyzyň  hakykatdanam işläýän, ýeke-täk wersiýadygyny bilmändigem " – diýip, barlagyň awtordaşy Jeff Şrager gürrüň berdi.

ELIZA kody MAD-SLIP-iň dilinde ýazylypdyr, LISP-de gaýtadan ýazylypdyr we ARPAnet arkaly ýaýradylypdyr.
Asyl nusgada bir ýalňyşlyk tapyldy, eger ulanyjy san girizse, bökdençlik ýüze çykdy. Asyl bolşunda galdyrmagyň hatyrasyna alymlar ony düzetmeli däl diýen karara geldiler. Hünärmenleriň bellemegine görä, üýtgetme girizmek “Mona Lizanyň” asyl nusgasyndaky ýalňyşlygy düzeden ýaly" bolardy.
Elbetde, gaýtadan dikeldilen ELIZA-ny häzirki zamanyň emeli aňy bilen deňeşdirip bolmaz. Ýöne ol kompýuter tehnologiýasynyň taryhynyň möhüm bölegi hasaplanýar.
Barlagçylar öz işiniň netijesini arXiv preprintler serwerinde hödürlediler.


düýn 12:00
3.5k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....

25.06.2026 10:21
4.5k+

Özbegistanda emeli aň tutuş mähelläniň meselelerini çözmäge kömek eder

Özbegistanda mähellelerdäki iň derwaýys meseleleri ýüze çykarmak we olary çözmek boýunça çalt çäreleri görmek üçin emeli aň esasly ulgam ornaşdyrylar. Degişli teklipler ýurduň prezidenti Şawkat Mirziýoýewe......

22.06.2026 23:12
4.8k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

17.06.2026 11:37
5.1k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......