Samsung Galaxy S25 we S25+ az üýtgeşme aldy, ýöne indi has “akyllandy”

  • 23.01.2025 13:02
  • 7k+

Samsung kompaniýasy täze Galaxy S25 we S25+ flagman smartfonlaryny hödürledi. Olar dizaýn taýdan öňki modellere meňzeýär. Esasy üýtgeşmeler bolsa programma üpjünçiliginde we emeli aň funksiýalarynda gizlenýär.

Galaxy S25 täze hatarda 6,2 dýuým ekranly iň kiçi smartfon. S25+ 6,7 dýuým ekrana eýe boldy. Smartfonlaryň ikisinde-de täzelenme ýygylygy 120 Gs bolan displeý bar we Gorilla Glass Victus 2 aýnasy bilen goralýar.
Iki telefon hem adaty wersiýa bilen deňeşdirilende kämilleşen Snapdragon 8 Elite for Galaxy prosessory bilen enjamlaşdyryldy. Modelleriň ählisinde 12 GB operatiw ýat we 128, 256 ýa-da 512 GB içerki ýat bar. Olar One UI 7 interfeýsi bilen Android 15-de işleýär. Samsung operasion ulgamyň we howpsuzlygyň 7 ýyl täzelenmesini wada berýär.
Täze modelleriň esasy aýratynlygy Galaxy AI emeli aň funksiýalary boldy. Ulanyjylara suratlar üçin “Akylly redaktor”, wideo üçin “Çalt montaž”, “Teksti dörediji” we “AI surat” elýeterlidir. Mundan başga-da, 2 TB bulut saklaýjysy bilen bilelikde Gemini Advanced üçin 6 aý ýazylyşyk hödürlenýär.
Smartfonlaryň kameralar ulgamy öňküligine, üç ýyl ozalky S22 ýaly galdy: f/1.8 optika bilen esasy 50 Mp modul, 12 Mp giňburçly kamera we üç esse zum bilen 10 Mp teleobýektiw. Esasy we telefoto-kameralar optiki durnuklaşdyrma eýedir. Ähli Galaxy S25-de frontal kameralar 12 Mp.
Akkumulýatoryň sygymy hem üýtgemedi. Galaxy S25 25 Wt zarýad beriş bilen 4000 mA/sag batareýa, S25+ bolsa 45 Wt çalt zarýad beriş bilen 4900 mA/sag batareýa eýe. Ikisi-de 25 Wt kuwwatly Qi2 Ready simsiz zarýad berşi goldaýar. Korpus IP68 ülňüsi boýunça tozandan we suwdan goragly.
Modelleriň ikisi-de goýy gök (Navy), kümüşsöw (Silver Shadow), ak-gök (Icy Blue) we ýaşyl (Mint) reňklerde elýeterli bolar. ABŞ-da satuw 7-nji fewralda başlaýar.
ABŞ-da Galaxy S25 128 GB üçin 799 dollar, 256 GB üçin 859 dollar. Galaxy S25+ alyjylara 256 GB üçin 999 dollara, iki esse uly ýatly wersiýa üçin 1119 dollara düşer.


12.05.2026 14:43
7.5k+

Dua Lipa öz suratynyň TW gutularynda ulanylandygy üçin Samsung-dan $15 mln talap etdi

Aýdymçy Dua Lipa Samsung kompaniýasynyň üstünden kazyýete şikaýat edip, öz suratynyň rugsatsyz telewizor gutularynda ulanylandygy üçin azyndan 15 million dollar möçberinde öwez tölegini talap etdi....

11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...