Saud Arabystanynda dünýäniň iň beýik binasynyň gurluşyk işleri dikeldildi

  • 23.01.2025 00:56
  • 19k+

Jeddah Economic Company (JEC) kompaniýasy Saud Arabystanyndaky Jeddah Tower binasynyň gurluşyk işleriniň gaýtadan dikeldilendigini mälim etdi. Uzynlygy 1000 metrden geçýän bu bina dünýäniň iň beýik binasy bolmaga dalaşgärleriň biridir.

20-nji ýanwarda doly taýýar bolmadyk bu belent binanyň 64-nji gatynyň betonyny guýmak dabarasy geçirildi. Bu çärä taslamanyň eýesi, Saud Arabystanynyň şazadasy Al-Walid bin Talal hem gatnaşdy.
Meýilnama görä, bina 2025-nji ýylyň awgust aýynda 100-nji gata ýetmeli. 2026-njy ýylyň oktýabr aýynda 160-njy gatynda aýlawly gözegçilik meýdançasy açylar. Binanyň gurluşygynyň 2028-nji ýylyň mart aýynda tamamlanmagyna garaşylýar.
Jeddah Tower taslamasy geçen ýyl togtadylandygyna garamazdan, kompaniýa indi ony doly tamamlamaga taýýardygyny mälim etdi. Gurluşygy tamamlanandan soň, Jeddah Tower-iň Saud Arabystanynyň täze arhitektura nyşany bolmagyna garaşylýar.


20.03.2026 11:19
11k+

Saud Arabystanynda Dünýä çempionaty — 2034 üçin ägirt stadionyň gurluşygy görkezildi

Saud Arabystanynda Kiddiýadaky şazada Muhammet bin Salmanyň köpugurly stadionynyň gurluşygyndan täze suratlar hödürlendi. Bu stadion 2034-nji ýylda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynyň esasy meýdançalarynyň biri hökmünde görülýär...

10.03.2026 13:50
8.9k+

Dubaý, Jidda we Abu-Dabi şäherlerine gatnawlar aprele çenli ýatyryldy

Eýran Yslam Respublikasynyň howa giňişligindäki çäklendirmeler sebäpli, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen «Türkmenistan» awiakompaniýasy 2026-njy ýylyň 9-njy martyndan 1-nji apreline çenli aşakdaky...

20.02.2026 11:25
2.4k+

Saud Arabystanynyň Humain kompaniýasy Maskyň xAI-na $3 mlrd maýa goýýar

Saud Arabystanynyň emeli aň pudagynda ýöriteleşen Humain kompaniýasy Ilon Maskyň xAI startapyna 3 milliard dollar maýa goýdy.  Bu maýa goýumy xAI-iň SpaceX tarapyndan satyn alynmagyndan az wagt öň tamamlanan 20 milliard dollarlyk maliýeleşdiriş tapgyrynyň çäginde durmuşa geçdi...

19.02.2026 18:49
13k+

Saud Arabystany Türkmenistana 5 tonna hurma gowşurdy

2026-njy ýylyň 18-nji fewralynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Aşgabatdaky Ilçihanasynda ýetip gelen Oraza aýy mynasybetli ynsanperwerlik sowgadyny gowşurmak dabarasy boldy. Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri, Saud Arabystanynyň Patyşasynyň adyndan Türkmenistanyň hökümetine hijri senenamasynyň 1447-nji ýylynyň hasyly bolan 5 tonna hurma gowşuryldy...