2024-nji ýylda ýagyşlar adaty bolmadyk rekord derejä ýetdi

  • 23.01.2025 00:48
  • 9k+

Adatça, ýagyşlar El-Ninýo diýilýän döwürde, ýagny Ýuwaş ummanynyň ekwatorial böleginde ýyly akymlaryň bolýan wagty Ýer ýüzüne köp düşýär. Emma 2024-nji ýylda garaşylmadyk netijeler ýüze çykaryldy: atmosferada toplanan suwuň we Ýere düşen ýagyşlaryň mukdary ähli wagtlardaky iň ýokary derejesine ýetdi. Bu ýagdaýyň dowam etmegi, geljekde dünýäniň kartasyny düýpli üýtgeder, hatda Sahara çöl bolmakdan çykyp biler diýip, Merilend uniwersitetiniň resmi web sahypasynda beýan edilýär.

Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylda Ýeriň temperaturasy rekord goýup, ortaça 15,10 gradusa ýetip, 1951-1980-nji ýyllaryň ortaça bahalaryndan 1,28 gradus ýokarlanypdy.
Indi bolsa, Merilend uniwersitetiniň alymlary 2024-nji ýylda Ýere düşen ýagyşlaryň mukdaryny seljerdiler. 1983-2024-nji ýyllar aralygynda ortaça gündelik ýagyş mukdary 2,81 millimetr bolupdyr. Alymlaryň barlaglarynyň netijelerine görä, geçen ýyl bolsa ortaça gündelik ýagyş mukdary 2,9 millimetr boldy. Diýmek, geçen ýyl Ýere öňki ýyllara garanyňda ortaça 3,2% köp ýagyş düşdi. Bu ýerde alymlary haýran galdyran zat, bu hadysanyň El-Ninýonyň täsiriniň az wagty ýüze çykmagydyr.
El-Ninýo, bu birnäçe ýyldan bir gezek ýüze çykýan, Ýuwaş ummanyň ekwatorial bölegindäki ýyly suw akymlarydyr. Suw näçe ýyly bolsa, şonça-da çalt bugarýar. Şol sebäpli, öňki rekord 1998-nji ýylda gazanyldy. Sebäbi şol ýyl El-Ninýonyň täsiri has güýçli bolup, Ýuwaş ummanynyň ekwatorial bölegindäki suwlar aşa gyzyp, bu ýagdaý bugarmak prosesini has-da güýçlendiripdi.
Emma 2024-nji ýylda bolsa tersine, ummanlarda La-Ninýa ýagdaýy höküm sürýärdi. Muňa garamazdan, ýagyşlar adaty bolmadyk rekord derejesine ýetdi.
Ýagyşlaryň köp mukdary Günorta Aziýa sebitlerine, Ýuwaş ummanyň günbatar bölegine we Awstraliýa düşdi. Şeýle-de Afrikanyň demirgazygynda, ýagny Sahara çölünde we Aziýanyň demirgazyk taraplarynda adaty bolmadyk güýçli ýagyşlar boldy. Tersine, Afrikanyň günortasynda we Amazon tokaýlarynda bolsa adatdakysyndan az ýagyş ýagdy.
Ýagyşlaryň artmagyna we klimatyň üýtgemegine bolsa global ýylylyk sebäp bolýar. Ýeriň ýüzüniň üçden iki böleginiň suwdan ybaratdygyny göz öňünde tutsak, planetanyň gyzmagy bilen ýagyşlaryň köpelmegi tebigy ýagdaý bolup durýar.


17.02.2025 17:10
7.7k+

Alymlar CO₂ bilen göreşmek üçin ummanda 1600 termoýadro bombasyny partlatmagy teklip edýär

Ylmy gözlegçiler kömürturşy gazyny atmosferadan aýyrmagyň tebigy prosesini tizleşdirmek üçin 1620 termoýadro bombasyny ýarmagy teklip edýär. Roçester tehnologiýa institutynyň ylmy gözlegçileri 50 megatonna kuwwatly...

13.02.2025 13:31
2.2k+

Alymlar merjen gaýalaryny halas etmek üçin suwasty «çyrany» döretdiler

Alymlar «Underwater Zooplankton Enhancement Light Array» (UZELA) atly enjamy – ýagny deňizleriň astyndaky merjen gaýalarynyň iýmitlenmegine ýardam berýän awtonom suwasty yşyklandyryş ulgamyny döretdiler. Bu enjam...

24.10.2024 11:27
8k+

Alymlar atmosfera göwher tozuny sepip, Ýeri sowatmagy teklip edýärler

Şweýsariýadaky Sýurihiň Ýokary tehniki mekdebiniň hünärmenleriniň ýolbaşçylygyndaky halkara alymlar topary göwher tozy bilen Ýeri sowatmagyň usulyny teklip etdi. Geophysical Research Letters žurnalynda çap edilen...

08.08.2024 16:16
14k+

Ýeriň iň sowuk nokadynyň iň ýyly temperaturasy hasaba alyndy

Häzir Antarktidada gyş pasly dowam edýär – iýul we awgust aýlary yklymyň iň sowuk aýlary hasaplanýar. Şeýle-de bolsa, 6-njy awgustda Merkezi Antarktidanyň “Wostok” stansiýasynda gözegçilikleriň tutuş taryhynda...