Rafael Nadal türkmen tennisçisine Jiddada geçen ýaryşyň ýeňiş sylaglaryny gowşurdy

  • 22.01.2025 23:33
  • 13k+

Saud Arabystanynyň Jidda şäherinde Aziýa Tennis Federasiýasynyň (ATF) howandarlygynda halkara ýaryş geçirildi. Oňa 13 ýurtdan 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň 36-sy gatnaşdy.

Ýaryşda 13 ýaşly türkmen tennisçisi Süleýman Hudaýberdiýew ýekelikde çykyş etmekde kümüş baýraga, jübüt bolup çykyş etmekde bolsa iň ýokary baýragyň eýesi boldy. Süleýman Hudaýberdiýewe baýraklary dünýä tennisinde ady rowaýata öwrülen, 2008-nji ýylda ýekelikde we 2016-njy ýylda jübüt bolup çykyş etmegiň olimpiýa çempiony, Uly tuwulga ýaryşlarynyň 22-siniň, «Masters» tapgyryndaky ýaryşlaryň 36-synyň ýeňijisi, Ispaniýanyň ýygyndy toparynyň düzüminde Dewisiň Kubogynyň bäş gezek eýesi Rafael Nadal gowşurdy.
Süleýman Hudaýberdiýew 6 ýaşyndan bäri tennis bilen meşgullanýar. Ol ilkinji gezek özüni 2023-nji ýylda tanatdy. Şonda ol Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň düzüminde Aşgabatda 12 ýaşdan uly bolmadyk oýunçylaryň arasynda Merkezi Aziýa ýaryşynyň kümüş baýragynyň eýesi boldy.
Oktýabr aýynda Süleýman Hudaýberdiýew Doha şäherinde geçirilen «3rd Qatar Asian Junior Tournament 14 & U» ýaryşlarda ýekelikde çykyş etmekde ikinji orny eýeledi. Noýabr aýynda ol bu üstünligini deň-duşlarynyň arasynda «Ashgabat Open 2024» ýaryşynda gaýtalady. Ine, indi bolsa Saud Arabystanynda «Asian 14 & Under Category 2 Jeddah» ýaryşynda ýekelikde we jübüt bolup çykyş etmekde ýene-de kümüş we altyn medallara mynasyp boldy.
Süleýman Hudaýberdiýew sport bilen meşgullanmagy Aşgabat şäherindäki 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdepde 8-nji synpda okamak bilen üstünlikli utgaşdyrýar, iňlis diline erkin erk edýär. Tälimçi Gurbanberdi Gurbanberdiýewiň tälim bermeginde tennis bilen meşgullanýar.


düýn 08:45
7k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

27.05.2026 18:22
8.9k+

Alp Arslan Begenjow Wýetnamdaky U23 Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy

Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilen U23 & U17 Asian Championships 2026 yklym birinjiliginde Türkmenistandan erkin göreşiji Alp Arslan Begenjow 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy....

25.05.2026 15:19
2.7k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....