Ilkinji gezek, kelleçanagy açmazdan, göz hanasyndan aralaşyp, beýniniň çişi aýryldy

  • 22.01.2025 15:31
  • 9.2k+

Britaniýanyň Lids şäheriniň (Ýorkşir graflygy) hirurglary göz hanasyndan aralaşmak arkaly beýnidäki çişi aýyrmak boýunça dünýäde ilkinji operasiýany amala aşyrdylar. Bu barada The Guardian habar berýär.

Näsag 40 ýaşly şepagat uýasy Ruwimbo Kawiýa bolup, 2023-nji ýylda oňa beýniniň aralaşmasy kyn ýeri bolan öýjükli sinusda meningioma kesel kesgidi goýlupdy.
Operasiýa üç sagat dowam etdi we göz hanasynyň daşky diwaryndaky kiçeňräk  kesigiň üsti bilen çişe aralaşmaga mümkinçilik berýän endoskopik transorbital çemeleşmäni ulanmak arkaly geçirildi. Bu usul äň-ýüz hirurgy Jiten Parmar tarapyndan işlenip düzüldi.
Bu usul başda hassanyň kellesiniň 3D modelinde synag edildi we ispan hünärmenleri bilen maslahatlaşyldy.

"Muňa [operasiýa] şeýle bir gowy türgenleşildi welin, öňem ýüzlerçe gezek edip ýören işimiz ýaly boldy, täze tehnika ulanylanda bolmalysy hem şeýle" – diýip, Parmar belleýär.

Neýrohirurg Asim Şeýhiň sözlerine görä, täze çemeleşme beýni bilen göni aragatnaşygy aradan aýyrýar, bu bolsa gaýra üzülmeleriň ýüze çykmak töwekgelçiligini ep-esli azaldýar.
Näsag operasiýa edilen güni eýýäm öýüne gaýdyp bildi. Yzyndan ýüze çykan ýekeje netije - zatlar gözüne goşalanyp göründi, ol hem üç aýdan soň aýrylyp gitdi.
Täze usul eýýäm durmuşa ornaşdyryldy we öň edip bolmaýar diýip hasaplanýan amallary hassalar üçin ujypsyz töwekgelçilikler bilen ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.


05.06.2026 17:46
2.2k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
3.4k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....

04.06.2026 07:25
4.9k+

Ýewropanyň saglygy goraýyş işgärleriniň tas üçden birinde düwnüge uçramak töwekgelçiligi bar

Ýewropanyň zähmet wezipelerinde howpsuzlyk we saglygy goramak baradaky agentliginiň (EU-OSHA) geçiren barlagy, Ýewropadaky lukmançylyk we durmuş üpjünçiligi pudagynyň işgärleriniň 29,5 göteriminiň iş......

03.06.2026 23:34
5.2k+

Parižiň golaýyndaky psihiatriýa hassahanasy näsaglary eşek terapiýasy arkaly bejerýär

Parižiň gündogaryndaky Wil-Ewrar hassahana toplumynda Fransiýada ýeke-täk eşek terapiýasy bölümi hereket edýär. Depressiýa, howsala, autizm, şizofreniýa we başga-da dürli keselli näsaglar bilen işleýän bu......