Hytaýda satuwyň pese gaçmagy netijesinde iPhone üpjünçiligi azalyp biler

  • 22.01.2025 14:52
  • 3.9k+

Apple kompaniýasy 2024-nji ýylyň awgust aýyndan bäri bazarda iň erbet güni başdan geçirdi. Canalys analitikleriniň kompaniýanyň hytaý bazarynda ornunyň ýaramazlaşandygyny görkezýän hasabatyndan soň, onuň paýnamalarynyň bahasy 4% pese gaçdy.

Canalys-yň hasabatynda geçen ýylyň jemi boýunça Hytaýda iPhone-yň beýleki smartfonlaryň arasynda üçünji orna düşendigi aýdylýar. Amerikan öndürijisi 2024-nji ýyly Hytaý bazarynda 15% paý bilen jemledi. Şol bir wagtyň özünde Huawei 16% paý bilen ikinji orna çykdy, lider bolsa ýerli Vivo brendi boldy – 17%.
Dördünji çärýegiň jemi boýunça ilkinji üçlüge girenler aýratynlykda Hytaýyň smartfon bazarynyň 17%-ini eýeledi we Apple birneme öňde boldy.
Hytaýda iPhone satuwy ýylda 17%, 2024-nji ýylyň dördünji çärýeginde 25% pese gaçdy.
Analitik Ming-Çi Kuo 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda iPhone üpjünçiliginiň 6% azaljakdygyny çaklaýar. Onuň pikiriçe, kompaniýanyň heniz Hytaýda elýeterli bolmadyk emeli aň ulgamy Apple Intelligence iPhone-a bolan islegiň artmagyna ýardam etmeýär.
Apple-iň dördünji çärýeginiň netijeleri baradaky resmi maglumatlar 30-njy ýanwarda hödürlener.


düýn 08:04
7.9k+

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....

04.06.2026 18:42
5.5k+

Haýnan şäherinde äpet tüweleý şekilindäki Ylym muzeýi açyldy

Hytaýyň Haýnan adasyndaky Haýkou şäherinde 46 528 inedördül metrlik medeni we bilim merkezi bolan Haýnan Ylym muzeýiniň gurluşygy tamamlandy. Ol Uýuan derýasynyň Milli suwluk-batgalyk seýilgähiniň gyrasynda......

28.05.2026 21:19
4.2k+

ÝB howply oýunjaklary sebäpli Temu internet dükanyna 200 million ýewro jerime saldy

Ýewropa Komissiýasy Hytaýyň meşhur Temu internet dükanyna 200 million ýewro uly jerime saldy. Muňa marketpleýs üsti bilen bäbekler üçin howply oýunjaklaryň we döwük-ýenjik zarýad berijileriň satylmagy sebäp......

27.05.2026 10:41
3.1k+

Hytaýda garry adamlaryň sany ilkinji gezek çagalaryň sanyndan geçdi

Hytaýda 65 ýaşdan uly bolan ýaşaýjylaryň sany 1949-njy ýylda demografik statistika ýöredilip başlanany bäri ilkinji gezek 14 ýaşdan kiçi bolan çagalaryň sanyndan geçdi. Bu barada «South China Morning Post»......