Honda awtomatik tormoz ulgamy bilen bagly näsazlyklar sebäpli 295 müň ulagyny yzyna çagyrmagy mümkin

  • 22.01.2025 09:52
  • 4.1k+

ABŞ-nyň Milli ýol hereketi howpsuzlygynyň administrasiýasy (NHTSA) Honda kompaniýasyna degişli awtoulaglar boýunça derňew işine başlady. Munuň sebäbi awtomatik tormoz ulgamy bilen baglanyşykly kemçilikleriň bardygy baradaky şikaýatlar bolup durýar. Şu sebäpden Honda 300 müňe barabar awtoulagy yzyna çagyryp biler diýip, Reuters habar berýär.

Şikaýatlara görä, awtomatik tormoz ulgamy kähalatlarda hiç hili esas ýok wagty birden işläp başlaýar. Garaşylmadyk saklanmalar awtoulagyň sürüjisine, ýolagçylara we beýleki awtoulaglaryň sürüjilerine ýol heläkçiligi üçin uly töwekgelçilik döredýär. Derňew 295 müň 125 awtoulagy öz içine alýar.
NHTSA-nyň berýän maglumatlaryna görä, bu näsazlyk 2019-2022-nji ýyllaryň «Honda Insight» gibrid modellerinde we uly «Passport» krossowerlarynda ýüze çykýar. Bulardan başga-da, 2023-nji ýyldaky «Passport» modelleri hem derňewiň çägine giriziler.
Ilki bilen tehniki seljerme geçirilip, soňra bolsa yzyna çagyrmak boýunça karar kabul ediler. Honda bu ýagdaýyň sebäbini, belki sürüjiler funksiýany nädogry ulanýandyr diýip düşündirjek bolýar. Emma NHTSA-da 106 sany şikaýat, şol sanda üç sany tassyklanan ýol heläkçiligi we iki sany şikeslenme hasaba alnan.


01.04.2026 16:47
3k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......

28.03.2026 13:56
2.2k+

Sony we Honda «Afeela» elektrokaryndan ýüz öwürdiler: onuň üçin eýýäm deslapky töleglerem alnyp başlanypdy

Sony Honda Mobility bilelikdäki kärhanasy «Afeela» elektromobil taslamasynyň ýapylýandygyny yglan etdi. Bu karar Honda-nyň elektrokar ösdürmek baradaky meýilnamalaryna täzeden seretmegi bilen baglanyşyklydyr....

22.03.2026 04:10
2.1k+

Nissan Toyota-nyň mysalyna eýerip, öz Murano modellerini Ýaponiýa ABŞ-dan getirip başlar

Nissan kompaniýasy Amerikanyň Tennessi ştatyndaky zawodda öndürilýän Murano krossowerini Ýaponiýanyň bazaryna ibermek meýilnamasyny yglan etdi. Häzirki wagtda bu model bu ýurtda satylmaýar. Mundan ozal Toyota we Honda kompaniýalary hem meňzeş ädimler barada habar beripdiler...

20.01.2026 11:41
5.2k+

Honda garaža sygýan dört adamlyk futuristik kemperini tanyşdyrdy

Honda kompaniýasy dört adama niýetlenen, geljegiň dizaýnyny ýatladýan Base Station atly kemperini (syýahat tirkegini) köpçülige hödürledi. Esasy aýratynlyklary we dizaýny: Garaža sygyjylyk: Kemperiň ölçegleri ony standart garažda arkaýyn saklamaga mümkinçilik berýär...