Türkmenistanda «Iň eýjejik gyzjagaz - 2025» bäsleşigi yglan edildi

  • 22.01.2025 02:07
  • 4.9k+

Türkmenistanyň Bilim ministrligi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde «Iň eýjejik gyzjagaz - 2025» atly bäsleşigi yglan etdi.

Bäsleşik ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň 2-4-nji synplarynda okaýan okuwçy gyzlarynyň arasynda geçirilýär. Oňa ozal «Iň eýjejik gyzjagaz» bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda ýeňiji bolmadyk okuwçy gyzjagazlar gatnaşyp bilerler.
Bäsleşik 4 tapgyrda geçiriler:

  • I tapgyr 2025-nji ýylyň 5-14-nji fewraly aralygynda umumybilim berýän mekdeplerde;
  • II tapgyr 2025-nji ýylyň 21-28-nji fewrlay aralygynda etraplarda we şäherlerde (bu tapgyra mekdeplerde geçirilen tapgyrda 1-nji we 2-nji orunlary eýelän okuwçy gyzjagazlar gatnaşarlar);
  • III tapgyr 2025-nji ýylyň 3-7-nji marty aralygynda Aşgabat, Arkadag şäherlerinde we welaýatlarda (bu tapgyra etrap, şäher tapgyrlarynda 1-nji we 2-nji orunlary eýelän okuwçy gyzjagazlar gatnaşarlar); 
  • Jemleýji tapgyr 2025-nji ýylyň mart aýynyň 2-nji ongünlüginde Aşgabat şäherinde geçiriler we bu tapgyra Aşgabat, Arkadag şäher we welaýat tapgyrynda 1-nji we 2-nji orunlary eýelän okuwçy gyzjagazlar gatnaşarlar.

Bäsleşigiň Düzgünnamasy bilen şu salgydan tanşyp bilersiňiz.
Bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda baş baýraga, 1-nji, 2-nji we 3-nji orunlara mynasyp bolan ýeňijiler yglan ediler. Ýeňijilere bäsleşigi gurnaýjylar tarapyndan Hormat hatlary we sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar.
Ýüze çykýan soraglar boýunça habarlaşmak üçin telefon belgileri:
44-86-40 (Türkmenistanyň Bilim ministrligi), 44-88-55 (Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi).


düýn 11:24
5.2k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.7k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......

15.06.2026 21:13
3.9k+

Türkmenistanda A.S.Puşkiniň ertekilerinden el haly dokaldy

Türkmenistanyň «El Darak» haly kärhanasy Türkmen halysynyň milli muzeýi bilen hyzmatdaşlykda beýik rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň ertekileriniň esasynda özboluşly el halyny dokady. Bu taslama......

15.06.2026 18:51
9.1k+

Ýurdumyzda okuwçylara we talyplara smartfon ulanmaga rugsat berilýär, ýöne diňe okuw maksady bilen

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan okuw işiniň maksatlary üçin okaýanlaryň şahsy ykjam tehniki serişdelerinden peýdalanmagynyň tertibi tassyklanyldy. Resminama iýun aýynyň başynda Adalat ministrligi......