Tennisçiler Sinner we Swýontek ITF-niň dünýä çempionlary diýlip ykrar edildi

  • 21.01.2025 23:42
  • 1.3k+

Dünýäniň birinji raketkasy Ýannik Sinner we WTA-nyň reýtinginde ikinji orny eýeleýän Iga Swýontek Halkara tennis federasiýasy (ITF) tarapyndan ýekelikde 2024-nji ýylyň dünýä çempionlary diýlip ykrar edildi. Bu barada guramanyň metbugat gullugy habar berýär.

Sinner 2024-nji ýylda Italiýanyň milli ýygyndysyny Dewisiň Kubogynda ýeňşe getirdi, Australian Open, US Open ýaryşlarynda we ATP-niň Jemleýji ýaryşynda ýeňiji boldy. Ol ITF-niň ilkinji italiýaly dünýä çempionydyr.
Geçen möwsümde Swýontek “Rolan Garrosda”, WTA-1000 kategoriýasynyň dört ýaryşynda ýeňiş gazandy, Pariždäki Olimpiadada bürünç medal alyp, Polşanyň milli ýygyndysy bilen Billi Jin King Kubogynyň ýarym finalyna çykdy.
Jübüt görnüşde dünýä çempionlary hökmünde “Rolan Garrosyň” ýeňijileri salwadorly Marselo Arewalo we horwatiýaly Mate Pawiç ykrar edildi. Zenanlaryň arasynda dünýä çempionlary italiýalylar Sara Errani we Žasmin Paolini boldy. Olar Pariždäki Olimpiýa oýunlarynda ýeňiş gazandy.
ITF-niň dünýä çempionlary möwsümiň, şol sanda “Uly tuwulga” ýaryşlarynyň, milli ýygyndylaryň ýaryşlarynyň we Olimpiadalaryň netijelerini göz öňünde tutmak bilen kesgitlenýär. 


18.06.2026 10:24
1.2k+

Asteroide tennisçi Ýannik Sinneriň ady dakyldy

Halkara astronomiýa bileleşigi Mars we Ýupiter planetalarynyň arasynda, ýagny esasy guşaklykda ýerleşýän asteroide italiýaly tennisçi Ýannik Sinneriň adyny dakdy....

08.06.2026 12:41
2.1k+

Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy

Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy....

06.06.2026 11:31
3.6k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.4k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......