Amazon dronlar bilen haryt eltmegini togtatdy

  • 21.01.2025 23:14
  • 4.2k+

Amazon kompaniýasy ABŞ-da synaglar geçirilýän wagtynda birnäçe çaknyşyklardan soň, “Prime Air” atly drony bilen harytlary eltmek taslamasyny togtatdy. Kompaniýa bu taslama bilen 2030-njy ýyla çenli 500 million sargydy dronlar bilen eltmegi maksat edinýärdi. Emma geçen ýylyň dowamynda ýüze çykan hadysalar bu meýilnamanyň ýerine ýetilmegini kynlaşdyrdy diýip, PCMag ýazýar.

2024-nji ýylyň dekabr aýynda ABŞ-nyň Oregon ştatyndaky bir synag merkezinde ýaramaz howa şertleri sebäpli iki sany MK30 drony çaknyşdy. Ondan öň, sentýabrda operatoryň säwligi bilen başga bir çaknyşyk boldy. Şu wakalardan soň, kompaniýa taslamany täzeden gözden geçirdi we ähli dronlara programma üpjünçiliginiň möhüm täzelenmelerini girizdi.
Aprel aýynda Amazon Kaliforniýanyň Lokford şäherinde amala aşyrylmagy meýilleşdirilen bu taslama bilen bagly ähli işleri togtatdy. Sebäbi maliýe serişdelerini başga ugurlara gönükdirmek we has möhüm hasaplanýan maksatnamalara sarp etmek kararyna gelindi. Şol bir wagtda, birnäçe ýolbaşçy bu taslamadan çekildi.
Bu kynçylyklara garamazdan, maý aýynda Amazon dronlaryň uzak aralyga uçmagy üçin rugsat aldy. Kompaniýa täzelenen MK30 dronlary ýagyş, sowuk we yssy ýaly howa şertlerinde-de harytlary eltmek üçin amatly diýip hödürleýär. Oktýabr aýynda bu taslamanyň Beýik Britaniýada we Italiýada giňeldilmegi meýilleşdirildi.


27.05.2026 15:30
1.7k+

«Ýüzükleriň hökümdary: Hökmürowanlyk ýüzükleri» serialynyň III möwsümi noýabrda çykar

Amazon MGM Studios kompaniýasy «Ýüzükleriň hökümdary: Hökmürowanlyk ýüzükleri» (Властелин колец: Кольца власти) serialynyň üçünji möwsüminiň 2026-njy ýylyň 11-nji noýabrynda Prime Video platformasynda......

12.05.2026 14:49
4.4k+

Jeff Bezos we Loren Sançes ekologiýa taýdan arassa matalary döretmek üçin 34 million dollar berdiler

Jeff Bezos we Loren Sançes poliesterdir pagta ýaly materiallaryň ornuny tutjak ekologiýa taýdan arassa önümleri işleýän ylmy merkezleri goldamak üçin 34 million dollar serişde goýberdiler....

09.02.2026 07:35
781

Amazon emeli aňyň kömegi bilen kino edýän çykdajylaryny azaltmak isleýär

Amazon kompaniýasy filmleri döretmekde emeli aňy ulanmak arkaly önümçilik möhletlerini gysgaltmagy hem-de onuň bahasyny arzanlatmagy göz öňünde tutýar. Kompaniýanyň nygtaýşy ýaly, elbetde täze tehnologiýa döredijilik hünärmenleriniň ornuny tutmaz, ýöne onuň has köp taslamalaryň durmuşa geçirilmegine ýardam edip biljekdigine welin, bil baglamak mümkin...

02.02.2026 12:33
4k+

Gymmatbahaly «Melaniýa» tankyda garamazdan bahasyny ödeýär

«Melaniýa» ABŞ-da görkezilip başlanan ilkinji günlerinde girdeji boýunça dokumental filmleriň arasynda rekord goýdy. Kino prokata çykan ilkinji güni 2,9 million dollar toplady. Dynç günleriniň netijeleri boýunça bolsa bu girdeji 7 million dollardan aşdy...