Donald Tramp kasam kabul edip, ABŞ-nyň 47-nji Prezidenti boldy

  • 21.01.2025 15:32
  • 15k+

Donald Tramp kasam kabul edip, ABŞ-nyň 47-nji prezidenti wezipesine girişdi.

Kasam kabul ediş dabarasy, öňden gelýän däbe görä, Kapitoliýniň basgançaklarynda däl-de, içinde geçirildi. Munuň sebäbi howanyň sowuk bolmagy bilen düşündirilýär. Bu barada saýlanan Prezident dabaradan üç gün öň yglan edipdi.
Ilki bilen, wise-prezident Jeý Di Wens, soňra bolsa Trampyň özi kasam kabul etdi.
Dabaranyň öňüsyrasynda Tramp maşgalasy Melaniýa bilen Ak öýi terk edýän Jo Baýdeniň maşgalalarynyň arasynda çaý içişlik boldy. Prezident çalşylanda bu hem özboluşly däp bolup durýar.

«Time» ABŞ-nyň saýlanan prezidenti Donald Trampy gaýtadan žurnalyň daşky sahypasynda ýerleşdirdi. Bu barada neşiriň web sahypasynda beýan edilýär.
Awtory suratkeş Tim O’Braýen bolup, ol syýasatçyny Ak öýüň Owal otagynda şekillendiripdir. Tramp stoluň üstünden resminamalary, telefony we öňki prezident Jo Baýden bilen baglanyşdyrylýan äýnegi zyňyp duran ýaly edilip suratlandyrylypdyr. Sahypanyň ýüzünde bolsa “Ol täzeden geldi” (He’s Back) diýen ýazgy ýerleşdirilipdir.
2024-nji ýylyň dekabr aýynda hem «Time» žurnaly milliarder Trampyň portretini ilkinji sahypasynda ýerleşdirip, ony «ýylyň adamy» diýip yglan edipdi.


08.06.2026 18:54
4.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 15:39
2.7k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 14:18
8.2k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

31.05.2026 13:10
8.2k+

UBS: Dünýäniň iň baý maşgalalary dollar maýa goýumlaryny azaldýar

Dünýäniň iň baý maşgalalary geosyýasy näbellilik we ABŞ-nyň hökümet bergileriniň artmagy sebäpli dollar maýa goýumlaryny azaldýarlar. Bu barada Şweýsariýanyň USB bankynyň barlagynda aýdylýar diýip, Reuters......