“Time” Donald Trampy ýylyň adamy hökmünde ykrar etdi

  • 14.12.2024 08:56
  • 8.2k+

Time žurnaly ABŞ-nyň saýlanan Prezidenti Donald Trampa “Ýylyň adamy” adyny berdi.

Neşir ony “dünýäde iň güýçli adam” diýip atlandyrdy. Materialda Trampyň syýasy taýdan gaýdyp gelmeginiň amerikan taryhynda aýratyn wakadygy aýdylýar.

“Iýul aýynda Pensilwaniýa ştatynyň Batler şäherindäki duşuşykda ganhoryň oky onuň kellesiniň bir dýuýmdan hem ýakyn ýerinden uçup geçdi. Soňky dört aýda ol bir däl-de, iki demokrat garşydaşyndan üstün çykdy, ähli “durnuksyz” ştatlarda ýeňiş gazandy we soňky 20 ýylda halkyň ses bermeginde ýeňiş gazanan ilkinji respublikaçy boldy. Ol Respublikan partiýany gaýtadan gurup, demokratlary nädogry zatlar barada pikirlenmäge mejbur edip, amerikan syýasatyny üýtgetdi” – diýlip, redaksiýada bellenildi.

Time “Ýylyň adamy” adyny 1927-nji ýyldan bäri berýär. Ony, redaksiýanyň pikiriçe, soňky 12 aýda, oňyn däl hem bolsa, dünýä uly täsirini ýetiren adamlar alýar. Şu ýyl bu at üçin ABŞ-nyň wise-prezidenti Kamala Harris, işewür Ilon Mask we Meksikanyň taryhynda ilkinji zenan Prezidenti Klaudiýa Şeýnbaum dalaş etdi. Geçen ýyl ýylyň adamy aýdymçy Teýlor Swift, ondan öňki ýyl Wladimir Zelenskiý boldy.


04.06.2026 14:18
8.1k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

30.05.2026 19:37
9.1k+

ABŞ Trampyň portreti çekilen 250 dollarlyk banknoty çap etmek isleýär

Eger Kongres kanunyň taslamasyny tassyklasa, ABŞ-nyň Maliýe ministrligi prezident Donald Trampyň portreti çekilen 250 dollarlyk banknoty çap etmäge taýýar. Bu barada Pudagyň ýolbaşçysy Skott Bessent Ak Tamda......

15.05.2026 14:43
11k+

Hytaý 500 «Boeing» däl-de, 200 uçar satyn alar: Kompaniýanyň paýnamalary pese gaçdy

Hytaý ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijesinde 200 sany Boeing uçaryny satyn almaga razy boldy. Bu barada Tramp «Fox......

14.05.2026 18:54
5.9k+

Nvidia bazar bahasy 5,5 trillion dollara ýeten taryhda ilkinji kompaniýa boldy

Nvidia bazar bahasyny (kapitalizasiýasyny) 5,5 trillion dollardan geçiren taryhda ilkinji jemgyýetçilik kompaniýasy boldy....