BYD, Nissan we Volkswagen: 2024-nji ýylda Hytaýda iň köp satylan sedanlar we hetçbekler

  • 21.01.2025 14:40
  • 4.8k+

2024-nji ýylda Hytaýda ýeňil awtoulaglaryň satuwy 3,1% ýokarlanyp, 22,6 milliona ýetdi. Esasy ösüşi Hytaýyň öz öndürijileri üpjün etdi diýip, CarsNewsChina belleýär.

Ýerli brendleriň satuwy 23,1% ýokarlanyp, 17,97 milliona ýetdi. Premium kategoriýa degişli awtoulaglaryň satuwy bolsa 2,3% ýokarlanyp, 4,74 milliona ýetdi.
Sedan we hetçbekleriň bazarynda iň meşhur model BYD Qin Plus bolup, jemi 480 025 awtoulag satyldy. Satylan awtoulaglaryň 63%-i, ýagny 304 388 sanysy gibrid görnüşi bolupdyr. Bu model diňe bir iň köp satylan sedan bolman, eýsem Tesla Model Y-den soň ýurt boýunça iň köp satylan awtoulag bolupdyr.
Ikinji orunda BYD Seagull elektrikli modeli bolup, jemi 453 593 awtoulag satylypdyr. Üçünji orunda Nissan Sylphy ýerleşip, 342 395 awtoulag satylypdyr.
Ilkinji bäşlige Volkswagen Lavida (322 933 sany) we SGMW Wuling Hongguang Mini EV (261 141 sany) hem girýär.
Ilkinji onluga bolsa, degişilikde Volkswagen Passat, Volkswagen Sagitar, BYD Qin L, BYD Han we BYD Destroyer 05 girýär.


16.06.2026 07:52
4.1k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

13.06.2026 09:36
3.5k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

08.06.2026 16:02
2.1k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

07.06.2026 16:58
2.7k+

Nissan 19 ýyldan soň Primera modelini bazara gaýtardy, ýöne indi elektrik fastbek görnüşinde

Nissan kompaniýasy 2007-nji ýyldan bäri bazarda görünmeýän Primera modeliniň täze neslini tanyşdyrdy. Awtomobiliň köpçülikleýin premýerasy Filippiniň halkara awtosalonynda (PIMS) boldy....