iPhone üçin döwrebap çipler ABŞ-da öndürilmez

  • 21.01.2025 14:35
  • 2.2k+

Apple kompaniýasy iň döwrebap prosessorlary ABŞ-da öndürip bilmez diýip, Reuters habar berýär.

Apple kompaniýasynyň esasy çip üpjünçisi bolan Taiwan Semiconductor Manufacturing Co (TSMC) ABŞ-daky zawodlarynda önümçilik işlerini ýola goýmakda kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldy.
TSMC-niň baş müdiri Si Si Weýiň aýtmagyna görä, Arizonadaky zawodyň gurluşygy Taýwandaka garanyňda iki esse köp wagt aldy. Bu ýagdaý ABŞ-da býurokratiki resmileşdiriş işleriniň örän çylşyrymly bolmagy we köp wagt almagy bilen baglanyşyklydyr.
Mundan başga-da, ABŞ-da material üpjünçiligi bilen baglanyşykly kynçylyklar hem ýüze çykdy – materiallar Taýwandaka garanyňda bäş esse gymmada düşýär. Si Si Weýiň bellemegine görä, tejribeli işgärler hem ýetmezçilik edýär.
Şol sebäpden hem TSMC Amerikada diňe köne tehnologiýaly çipleri öndürmegi meýilleşdirýär. Iň täze prosessorlar bolsa öňküsi ýaly Taýwanda öndüriler.


19.05.2026 09:37
4.5k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.4k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

14.05.2026 12:04
2.8k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....

03.05.2026 16:10
3k+

Apple-iň girdejisi rekord derejä ýetdi: iPhone 17-ä bolan isleg garaşylandan hem ýokary boldy

Apple kompaniýasy mart aýynda tamamlanan çärýek üçin rekord maliýe netijelerini yglan etdi. Bu üstünligiň esasy sebäbi täze iPhone 17 modellerine bolan çenden aşa ýokary isleg boldy....