Bloomberg: Tramp kriptowalýutany ABŞ-nyň döwlet ähmiýetli ugruna öwürmek isleýär

  • 21.01.2025 13:56
  • 6.8k+

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp kriptowalýutany Birleşen Ştatlar üçin ýurt ähmiýetli ugra öwürjek permana gol çekmegi meýilleşdirýär. Bu barada Bloomberg agentligi habar berýär.

Çeşmelere görä, resminamada bu ugurda syýasaty işläp düzmek bilen meşgullanjak kriptowalýuta boýunça konsultatiw geňeşi döretmek teklip edilip bilner. Şeýle-de, hökümetiň sanly aktiwler bilen bagly syýasatyna täzeden garamak, şol sanda kriptowalýuta işleri boýunça kazyýet garamagynyň togtadylmagy ara alnyp maslahatlaşylýar.
Tramp milli kriptowalýuta ätiýaçlygyny döretmegi hem göz öňünde tutýar.
Öň, Tramp telekeçi Dewid Saksy ABŞ-nyň emeli aň we kriptowalýuta ugry boýunça syýasatyna jogapkär hökmünde belledi.
Özüniň saýlawdan öňki kampaniýasynyň çäklerinde Ak tamyň täze ýolbaşçysy kriptowalýutalaryň ösüşini işjeň goldady we ABŞ-nyň Hytaý ýaly beýleki ýurtlara öňdebaryjylygy bermezlik üçin bu bazara ünsi güýçlendirmelidigini aýtdy.
Syýasatçy tarapyndan kriptowalýuta bazarynyň goldanylmagy minnetdarlyk seslenmesini alýar.
Mysal üçin, Uoll-Stritde uly Bitcoin maýneri Marathon Digital Holdings (MARA) Trampyň portretini Bitcoin blokçeýnine salyp, ony ebedileşdirdi. Saýlanan Prezidentiň portreti 879613 blogunda ýerleşdirildi. Blokçeýniň aýratynlygy sebäpli, bu blok Bitcoin-iň özi bar bolmagyny dowam etdirýärkä, şol ýerde galar.


19.06.2026 19:47
1.2k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

14.06.2026 15:10
1.4k+

Google kompaniýasy ABŞ-nyň federal kwant maksatnamasyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kwant tehnologiýalaryny goldamak boýunça federal maksatnamasyna gatnaşmazlyk kararyna geldi. Kompaniýa maliýeleşdiriş şertleriniň iş ýüzünde peýdaly boljak kwant kompýuteriniň......

09.06.2026 15:08
2.4k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

08.06.2026 18:54
4.5k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......