Marvel “Kapitan Amerika: Ajaýyp täze dünýä” filminiň täze tizer-treýlerini hödürledi

  • 20.01.2025 22:33
  • 8.5k+

Marvel 14-nji fewralda görkeziljek “Kapitan Amerika: Ajaýyp täze dünýä” (Капитан Америка: Дивный новый мир) filminiň täze tizer-treýlerini hödürledi.

Filmiň baş keşbinde Entoni Maki çykyş edýär. Filmiň ilkinji hepdesinde diňe ABŞ-da 95 million dollar girdeji getirmegine garaşylýar.
Filmiň mazmunyna görä, Kapitan Amerika halkara dawanyň merkezine düşýär. Ol, ýagdaýlar has hem çylşyrymlaşmanka, global dildüwüşligiň sebäbini ýüze çykarmaly bolýar. Bu film “Laçyn we Gyş esgeri” (Сокол и Зимний солдат) serialynyň gönümel dowamy bolup durýar.
Filmde Entoni Makiden başga-da Harrison Ford, Jankarlo Espozito, Liw Taýler, Denni Ramires, Karl Lambli, Tim Bleýk Nelson ýaly meşhur aktýorlar çykyş edýärler.


şu gün 11:31
701

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

düýn 23:58
1.5k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

düýn 21:03
13k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....