Ýylyň iň köp garaşylýan seriallary: “Tagtlaryň oýnunyň” prikwelinden Şerlok Holmsa çenli

  • 20.01.2025 17:57
  • 7k+

2025-nji ýyl täze seriallaryň we meşhur seriallaryň dowamlarynyň çykmagyny wada berýär. Iň köp garaşylýan seriallaryň arasynda “Tagtlaryň oýnunyň” prikweli, Şerlok Holms barada birbada iki täze taslama, şeýle-de “Graf Monte-Kristonyň” nobatdaky ekranlaşdyrmasy bar.

Aşakda 2025-nji ýylyň iň esasy taslamalarynyň sanawyny hödürleýäris:
Ýedi şalygyň rysary (A Knight of the Seven Kingdoms)
“Tagtlaryň oýnunyň” (Игры престолов) prikweli serialyň esasy wakalaryndan ýüz ýyl öň we “Aždarhanyň öýünden” (Дом Дракона) 72 ýyl soň bolup geçýän wakalar barada gürrüň berer. Baş gahrymanlar – rysar Syrdam Dunkan we onuň dokuz ýaşly ýarag göterijisi Egg. Bu Jorj R.R.Martiniň eserlerine esaslanan meşhur taslamanyň eýýäm ikinji spin-offudyr.

Ýaş Şerlok (Young Sherlock)
Şerlok Holms 19 ýaşynda Oksfordda ilkinji işini derňeýär. Serial öň meşhur aňtawçy baradaky filmleriň üstünde işlän Gaý Riçi tarapyndan surata düşürildi.

Şerlok we gyzy (Sherlock & Daughter)
Garry Şerlok Holms ejesi öldürilen ýaş zenan bilen güýjüni birleşdirýär. Aňtawçy ganym duşmany – professor Moriarti bilen baglanyşykly dildüwşügi anyklamaga synanyşýar.

Graf Monte-Kristo (The Count of Monte Cristo)
Aleksandr Dýumanyň romany boýunça ar barada klassyky kyssa. Edmon Dantes uzak wagtlap tussaglykda oturandan soň, graf Monte-Kristo öwrülip, dönüklik edenlerden ar alýar.

Studiýa (The Studio)
Çökgünlikdäki kinokompaniýa barada serial. Baş gahryman, Mett Remik dawalaryň bar ýagdaýlarynda artistlere bil baglap, ajaýyp eser döretmekçi bolýar. Serialda Şarliz Terondan başlap, Martin Skorseze çenli köp sanly myhman hökmünde çagyrylan meşhur adamlar peýda bolar.

Gara kepderiler (Black Doves)
Baş keşbi Kira Naýtliniň ýerine ýetirmeginde içaly baradaky serial, ol syýasatçy adamsynyň halkara dildüwşigi bilen baglanyşykly ölümini derňeýär.

Gara towşan (Black Rabbit)
Işewür baradaky dramada Jud Lou dogany bilen gatnaşyklary dikeltmäge synanyşýar, ýöne garaşylmadyk netijeler bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

Derrä hoş geldiňiz (It: Welcome to Derry)
Stiwen Kingiň “Ol” romanyndan masgarabaz Penniwaýzyň geçmiş wakasy. Serial 1908-nji ýyldan 1962-nji ýyl aralygyndaky wakalary öz içine alýar.

Keseki: Ýer (Alien: Earth)
“Keseki” älemi boýunça asyl filmden öňki wakalar barada gürrüň berýän serial.

El degrilmedik Amerika (American Primeval)
1857-nji ýylda amerikan Günbatarynyň döreýşi baradaky western. Mini serial “medeniýetiň, däp-dessuryň we jemgyýetiň güýçli çaknyşygyny, erkekleriň we aýallaryň bu topragy saklamak ýa-da dolandyrmak üçin söweşýän we ölýän döwrüni” görkezmegi wada berýär.


düýn 22:06
861

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

21.06.2026 10:41
1.9k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.7k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
3k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......