“Kesgir gaşlaryň” döredijisinden “Müňlerçe urgy” atly täze serialyň treýleri çykdy

  • 20.01.2025 16:56
  • 4.3k+

"Hulu" amerikan akym hyzmaty “Müňlerçe urgy” (Тысяча ударов) atly täze serialynyň treýlerini hödürledi. “Kesgir gaşlaryň” (Острые козырьки) döredijisi Stiwen Naýtyň täze serialy 21-nji fewralda platformada elýeter bolar diýip, CBR portaly ýazýar.

Köp bölümli serialyň wakalary XIX asyryň ahyryndaky Londonda geçýär. Serial Ýamaýkadan Londona gazanç üçin gelen iki migrant Hezekiýa Moskou we Alek Manronyň hekaýasyny gürrüň berýär. Olar diňe Ist-End sebitindäki ýerasty boks uruşlarynda durnukly gazanç etmegi başarýarlar. Olara şol uruşlara girmek üçin biledi “Kyrk pil” gyzlar bandasynyň ýolbaşçysy Meri berýär. Meri Hezekiýanyň täze çempion boljakdygyna ynanýar, emma Hezekiýanyň islegleri we arzuwlary tejribeli urşujy Şugaryň howpy astynda galýar.
Täze serialda esasy keşpleri Malakaý Kirbi, Stiwen Grem we Erin Doerti ýerine ýetirýärler. Şeýle-de, aktýorlar düzüminde Jeýson Tobin, Jeýms Nelson-Joýs, Frensis Lawholl ýaly tanymal sungatçylar bar.


21.06.2026 10:41
1.7k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.5k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
2.9k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.6k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....