Bilim ministrligi Aşgabatda II Halkara matematika olimpiadasynyň geçirilýändigini yglan etdi

  • 20.01.2025 12:10
  • 3.3k+

2025-nji ýylyň 21–26-njy apreli aralygynda Aşgabat şäherinde II Halkara matematika olimpiadasy geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berdi.

Olimpiada Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň mekdep okuwçylary we uçurymlary çagyrylýar. Olar «A» we «B» toparlarda çykyş ederler.
«A» toparda öz ýurdunda orta mekdebi gutaranyna bir ýyldan köp wagt geçmedik hem-de olimpiadanyň geçirilýän döwründe ýokary okuw mekdepleriň talyplary bolmadyk 20 ýaşa çenli ýaşdaky uçurymlar gatnaşyp bilerler. «B» topary orta mekdepleriň 15,5 ýaşdan uly bolmadyk okuwçylaryny bir ýere jemlär. Toparlaryň ikisi üçin hem gatnaşjaklaryň sany çäklendirilmeýär.
Olimpiada şahsy görnüşde bir tapgyrda geçiriler. Bäsleşigiň resmi dili türkmen, rus we iňlis dilleridir.
Kabul edýän ýurt gatnaşjaklaryň hem-de olaryň ýolbaşçylarynyň iýmiti, ýaşamagy, ulaglary we olimpiada döwründe ýurduň çäklerinde gezelenç etjek ýerleri bilen baglanyşykly çykdajylary öz üstüne alýar.
Olimpiada gatnaşmak isleýänler hem-de olaryň ýolbaşçylary üçin bellige alyş Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda şu ýylyň 10-njy apreline çenli açykdyr.
Goşmaça maglumatlar: +99312448409, +99312398550, +99365809906 telefon belgileri we turkmenmatholymp@gmail.com elektron salgy boýunça elýeterlidir.


şu gün 07:39
2k+

TOHI-niň mugallymlary Moskwadaky halkara bäsleşiklerde uly üstünlik gazandy

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymlary Russiýa Federasiýasynyň ylym-bilim edaralary tarapyndan guralan halkara bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, ýokary orunlary eýeledi....

08.06.2026 23:01
2.7k+

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-da durnukly ösüşiň bähbidine iň gowy taslamalar sylaglandy

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen «Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde......

02.06.2026 20:35
4k+

Maryda ýaşlaryň arasynda geçirilen robototehnika bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde Mary şäherinde «Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy» boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry guraldy. Bu......

01.06.2026 17:06
3.1k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......