Milanda asyrlar aşandan soň Leonardo da Winçiniň beýan eden gizlin ýerzeminleri barada bildiler

  • 20.01.2025 00:50
  • 6.4k+

Barlagçylar Milanyň Sforsa galasynyň aşagynda Leonardo da Winçiniň çyzgylarynda beýan edilen gizlin ýerasty ötükleriň bardygyny tassykladylar diýip, Arkeonews ýazýar.

XV asyrda gurlan Sforsa galasy taryhçylar we binagärler tarapyndan köpden bäri öwrenilip gelinýän obýekt. Şeýle-de bolsa, Galkynyş zamanasynyň uçursyz zehinli adamy tarapyndan beýan edilen ýerasty geçelgeler uzak wagtlap syr bolmagynda galypdy.
Bu açyş Milanyň Politehniki uniwersitetiniň hünärmenleri tarapyndan meşhur galanyň işgärleriniň kömegi bilen hem-de Codevintec kompaniýasynyň georadarlar we lazer skaneri ýaly ösen tehnologiýasy bilen geçirilen innowasion barlaglaryň netijesidir. Tehnologiýa indi görünmeýän gadymy binagärlik elementlerini sanly görnüşde dikeltmäge kömek etdi.
Alymlaryň pikirine görä, gizlin ötelgeler harby maksatlar üçin ulanylypdyr. Şeýle-de bolsa, olaryň arasynda galany golaýynda ýerleşen buthana bilen baglanyşdyrýan biri bar. Rowaýata görä, ötelge köplenç aýaly Beatriçe d'Estäniň mazaryna zyýarat edýän gersog Lodowiko Sforsanyň şahsy ulanmagy üçin niýetlenipdir. Taryhçylaryň tassyklamagyna görä, ol söýgülisi ölenden soň, “dälirän ýaly hasrat çekipdir”. Munuň zenanyň ýadygärliginiň özboluşly bir kultynyň döremegine we belki-de, gersogyň tiz wagtda ruhy taýdan çökmegine getirendigini aýdýarlar.
Politehniki uniwersitetinden professor Franko Gussetti taslamanyň galanyň diňe bir häzirki ýagdaýyny öwrenmäge däl, eýsem ýitirilen binagärlik elementlerini dikeltmäge mümkinçilik berjek sanly modelini döretmegi maksat edinýändigini aýtdy.
Bu açyş giňeldilen hakykat tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy netijesinde syýahatçylyk üçin täze mümkinçilikler açar. Gyzyklanýanlara ýerasty giňişliklere wirtual gezelençler hödürlenýär.


22.06.2026 23:12
4.2k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

21.06.2026 16:13
4.6k+

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......

17.06.2026 11:37
5.1k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

17.06.2026 11:21
3.9k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......