200 million ýyldyz: 417 MP durulykda Andromeda galaktikasynyň iň uly panoramasy görkezildi

  • 20.01.2025 00:31
  • 3.4k+

“Habble” kosmos obserwatoriýasynyň mümkinçilikleri arkaly NASA-nyň hünärmenleri Waşington uniwersitetiniň astronomlary bilen bilelikde Andromeda galaktikasynyň has doly barlagyny geçirdiler. 10 ýyldan gowrak wagt dowam eden bu iş tutuş galaktikany 417 megapiksel durulykdaky panoramada ýerleşdirmäge mümkinçilik berdi.

Şekilde 600-den gowrak surat bar.
42 208-den 9 870 piksel aralygyndaky ägirt uly panorama “Hubble” kosmos teleskopyny ulanmak arkaly döredilen iň uly surat mozaikasydyr.
Mozaikada 200 million ýyldyzy görmek bolýar, entegem bu Andromeda galaktikasyndaky çak edilýän trillion ýyldyzyň diňe bir bölegidir. Surat mozaikasyndaky jikme-jiklikler alymlara Andromedanyň taryhy, has kiçi hemra galaktikalar bilen birleşmegi ýaly maglumatlary öwrenmäge kömek eder.
Andromeda ýyldyzlar toplumy Akmaýanyň ýolundan has uludyr we öz içine alýan ýyldyzlary birnäçe esse köpdür. Bu iri galaktikalaryň iň ýakyny, Gallaktikanyň göze görnüp duran ululygy + 3,44m we burç diametri Aýyň burç diametrinden 6 esse uludyr. Ony Ýerden adaty göz bilen görüp bolýar we höwesjeň astronomlaryň arasynda meşhur gözegçilik obýekti bolmagynda galýar.


şu gün 10:51
581

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

düýn 23:32
2.8k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

08.06.2026 16:17
2.7k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

07.06.2026 19:54
2k+

NASA geljekki bazany taýýarlamak üçin Aýa her aýda robotlary iberer

NASA 2027-nji ýyldan başlap, Ýeriň tebigy hemrasynyň günorta polýusynyň töwereginde geljekki bazanyň infrastrukturasyny taýýarlamak üçin Aýa takmynan her aýda uçarmansyz missiýalary geçirmegi meýilleşdirýär....