Günüň üstünde hasaba alnan ýalpyldylar güýçli alawlary takyk çaklamaga kömek eder

  • 19.01.2025 22:46
  • 3.2k+

Alymlar Günüň üstünde 60-80% takyklygy bilen Gün alawyny çaklamaga ýardam  edip biljek adaty bolmadyk bir hadysany tapdylar. Barlag bilen Amerikanyň astronomiýa jemgyýetiniň mejlisinde tanyşdyryldy we The Astrophysical Journal Letters-de neşir edildi.

NASA-nyň Gün dinamikasy obserwatoriýasy arkaly alymlar topary Gün alawynyň öňüsyrasynda Günüň koronal aýlawlarynyň ýagtylygynda adaty bolmadyk üýtgemeleri gördüler. Ýaý şekilli gurluşlar Günüň magnit taýdan işjeň sebitlerinde emele gelýär, ol ýerde alawlar hem ýüze çykýar.

"Işjeň sebitleriň üstündäki aşa ultramelewşe şöhläniň bir böleginiň Gün alawyndan birnäçe sagat öň bitertip ýalpyldaýandygyny gördük. Bu netijeler alawlara düşünmek üçin hakykatdanam möhümdir we howply kosmos howasyny çaklap bilmek başarnygymyzy ýokarlandyryp biler "- diýip, geliofizik Emili Meýson düşündirdi.

Barlagçylar 40-dan gowrak güýçli Gün alawynyň maglumatlaryny gözden geçirdiler we koronal aýlawlarda ýagtylygyň ölçegleriniň, magnit meýdanlaryny seljermeklige garanda, has takyk çaklamalary berip bilýändigini anykladylar.
Bu açyş Gün alawyny 2-6 sagat öňünden çaklamaga hem-de kosmos gämilerini we Ýeriň infrastrukturasyny zyýanly radiasiýadan goramaga kömek eder. Gün hadysalarynyň özleri bilen güýçli radiasiýa getirýändigini göz öňünde tutup, astronawtlary goramak üçin bu aýratyn möhümdir. Kosmosda adamlary radiasiýadan gorap bilek hiç zat ýok diýen ýaly.


23.05.2026 23:48
3.7k+

Global maýlamaklyk dünýäniň iň uly derýalarynda kislorodyň derejesini peseltdi

Hytaýyň klimatologlary soňky 40 ýylyň dowamynda Ýeriň iň uly derýalarynda ereýän kislorodyň konsentrasiýasynyň peselendigini habar berdiler. Barlagçylaryň çaklamalaryna görä, howanyň üýtgemegi häzirki......

18.04.2026 23:36
4.2k+

2026-njy ýylyň maýynda seýrek duş gelýän goşa dolan Aý hadysasy bolar

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýeriň ýaşaýjylary seýrek duş gelýän hadysany — bir aýyň dowamynda iki gezek dolan Aýyň emele gelmegini synlap biler. Bu barada K.E.Siolkowskiý adyndaky Döwlet kosmonawtika taryhy......

22.03.2026 16:34
4.3k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
5.6k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...