Qatar Airways Skytrax tarapyndan dünýäniň iň gowy awiakompaniýasy diýlip yglan edildi

  • 19.01.2025 21:53
  • 5.8k+

Skytrax kompaniýasy 2024-nji ýylda dünýäniň iň gowy awiakompaniýalarynyň reýtingini düzdi. Reýtingde Qatar Airways birinji ýeri eýeledi. Katar uçar gatnawy amatlylygy, iýmiti, güýmenjeleri, hyzmaty we häzirki zaman awiaparky üçin öwüldi.

Ikinji ýeri ajaýyp hyzmaty bilen tanalýan Singapore Airlines eýeledi. Şeýle hem bu awiakompaniýanyň Scoot atly arzan bahaly golçur kärhanasy bar.
Emirates ilkinji iki orundakylardan köp, ýagny 152 ugra uçuş hödürläp, üçünji ýeri eýeledi. Gatnawyň esasy merkezi Dubaý howa menzilidir.
Şeýle hem ilkinji onluga Ýaponiýanyň 72 ýyllyk taryhy bolan iň uly ANA All Nippon Airways awiakompaniýasy, Gonkongyň Cathay Pacific Airways-i, 300-den gowrak ugra uçýan Turkish Airlines, Taýwanyň EVA Air-sy, Air France we Lufthansa Group-a girýän Swiss International Air Lines girdi.
Skytrax awiakompaniýalara ýolagçylar üçin amatlylygy we hyzmatynyň hili ýaly dürli ölçegler boýunça baha berdi.


düýn 16:40
1.9k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

düýn 12:20
7.5k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
7k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......