2025-nji ýylyň iň meşhur reňkleri yglan edildi

  • 19.01.2025 14:03
  • 9.1k+

Meşhur Pinterest platformasynyň hünärmenleri 2025-nji ýylyň iň meşhur reňklerini yglan etdiler. Reňkleriň sanawy platformanyň resmi web sahypasynda çap edildi.

Iň meşhur reňkler: ülje gyzyly, mesge sarysy, aura-indigo, ukrop ýaşyly we alp sülesi diýlip kesgitlendi. Bu reňkler, platformanyň ulanyjylarynyň isleglerine we trendlerine görä saýlanyldy.

“Biz ulanyjylaryň nämäni gözleýändigini, ýazga alýandygyny we nämeleri satyn alýandygyny seljerdik” diýip, Pinterest-iň wekili Ksante Uells aýtdy.

Ülje gyzyly reňkini saýlamak üçin, “Cherry Red Girl” atly fleşmobdan (üýşüp edilýän bilelikdäki hereketlerden, mysal üçin, bir tema boýunça geýnip surata düşmek ýa-da tans etmek ýaly çärelerden) ylham alnypdyr. Platformada şol reňkdäki egin-eşikleri geýip surata düşmek uly meşhurlyk gazanypdyr. Şeýle-de mesge sarysy reňki hem şular ýaly trendleriň netijesinde saýlanypdyr.

“Aura-indigo reňki bolsa, häzirki döwürde kosmos temasy bilen gyzyklanmanyň artýandygy sebäpli sanawa girizildi” diýip, Ksante Uells düşündirdi.

Ukrop ýaşyly reňki, şor suwdan we berhiz kolasyndan ybarat içginiň, şeýle-de ukroply tagamlaryň meşhur bolmagy netijesinde saýlanypdyr.

“Alp sülesi reňki – “mele ejeleriň” estetikasy ýaly, minimalizm boýunça beýleki meşhur trendleriň täsirini görkezýär” diýip, Uels sözüni jemledi.

Ýatlatsak, Pantone kompaniýasy 2025-nji ýylyň esasy reňkini – şokolad-goňur öwüşginli “Mocha Mousse” diýip yglan edipdi.

11.06.2026 13:03
7.5k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.9k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2.1k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....