Mokko Muss: Pantone instituty 2025-nji ýylyň esasy reňkini yglan etdi

  • 07.12.2024 16:51
  • 7.9k+

Pantone gözleg instituty 2025-nji ýylyň esasy reňkini saýlady. Ol şokolad-goňur öwüşginli 17-1230 Mocha Mousse (Mokko Muss) boldy. Hünärmenleriň pikirine görä, bu “duýgularymyzy lezzetler we gözellikler dünýäsine alyp gidýän ýatda galyjy näzik goňur reňk”.

“Ýyly, baý goňur öwüşgin kakaonyň, şokoladyň we kofeniň ýakymly hilini ýada salýar we rahatlyk berýär. Näzik we açyk, ýöne şol bir wagtyň özünde-de sadaja, nusgawy Mocha Mousse goňur reňk baradaky düşünjämizi giňeldýär, ony sadadan we adatylykdan göze ilginç we kaşaň edýär "- diýip beýanynda ýazylýar.

Pantone 2000-nji ýyldan bäri ýylyň reňki baradaky çaklamasyny hödürleýär. Ýylyň reňkini saýlananda moda, dizaýn, tehnologiýa we sungat ugurlaryny emele getirýän sosial, medeni we ykdysady faktorlar seljerilýär. Pantone-nyň hünärmenleri reňkleriň ulanylyşyny interýerden we binagärlikden başlap, media we tehnologiýa çenli dürli ugurlarda öwrenýärler.
2024-nji ýylda Pantone-nyň saýlan reňki Peach Fuzz (Şetdaly tüýjagazy) atly ýumşak, mahmal şetdaly öwüşgini bolupdy.

16.04.2026 22:53
1.8k+

Zendeýa On brendi bilen başdan-aýak eşik toplumyny çykardy

Meşhur aktrisa Zendeýa we On sport brendi bilelikde taýýarlan täze eşik we aýakgap kolleksiýasyny tanyşdyrdylar. WWD olaryň 16-njy aprele satuwa çykaryljakdygyny habar berýär....

16.04.2026 19:57
6.6k+

«Köwşüň aýagyňa laýykmy, ýa...?»:zenanlar näme üçin aýaklarynyň ululygyndan utanýarlar?

...Witrinanyň öňünde durup-durup, göwnüne ýaran owadan köwşi ahyry eline alan zenan satyjynyň ýanyna bardy-da, bir gyzaryp, bir bozaryp, özi üçin örän aýyp bolan soragy pyşyrdabrak daşyna çykardy:...

13.04.2026 16:26
4.3k+

Dizaýnerler jins geýmegiň iň moda usulyny aýtdylar

2026-njy ýylyň ýaz/tomus möwsüminiň esasy trendi jinsileri pasyrdap duran giň bluzkalar bilen geýmekdir. Bu görnüş romantikanyň üstüne rahatlyk goşup, geýen kişini göze ýakymly görkezýär....

04.04.2026 14:12
9.1k+

Jinsini döreden Lewi Strauss hiç haçan jinsi geýmändir

Häzirki wagtda jinsi matadan tikilen eşikler dünýäniň iň ýörgünli lybasy bolsa-da, ony döreden Lewi Strauss öz ömründe hiç wagt jinsi eşik geýmändir....