Pixar “Ýeňiş ýa-da ýeňliş” atly ilkinji multserialyyň treýlerini hödürledi

  • 19.01.2025 11:55
  • 2.8k+

Pixar studiýasy öz taryhynda “Ýeňiş ýa-da ýeňliş” (Победа или поражение) atly ilkinji multserialynyň doly derejeli treýlerini çykardy. Taslama çempionata taýýarlanýan softbol boýunça çagalar topary barada gürrüň berer.

Tomaşaçylar treýlerde geçen ýylyň awgust aýynda hödürlenen öňki tizerde peýda bolan baş gahrymanlary görüp biler.
Multserialy döredijiler çagalaryň diňe bir sport durmuşyny däl, eýsem olaryň häsiýetlerini, şeýle-de olaryň ene-atalarynyň häsiýetlerini açyp görkezmegi meýilleşdirýär.
Taslamanyň režissýorlary Kerri Hobson we Maýkl Ýeýts boldy. Tälimçiniň roluna aktýor Uill Forte ses berýär. “Ýeňiş ýa-da ýeňliş” serialynyň premýerasy 19-njy fewralda Disney+ akym hyzmatynda bolar.


şu gün 11:08
1.1k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

düýn 09:56
2.1k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.6k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....