Huawei elektrikli ulaglaryň zarýad stansiýalaryna robot gol ornaşdyrar, ol zarýad kabelini özbaşdak baglar

  • 18.01.2025 17:12
  • 4k+

Huawei kompaniýasy elektrikli awtoulaglary zarýada goýmagy aňsatlaşdyrmak üçin täze robot goly hödürledi. Zarýad kabelini ulagyň zarýad nokadyna özbaşdak baglap bilýän robot gol şu ýylyň ikinji çärýeginde ähli zarýad stansiýalarynda we ýangyç beketlerinde ornaşdyrylyp başlar diýip, CarNewsChina neşiri habar berýär.

Täzelenen zarýad stansiýasynyň işleýşini synamak maksady bilen, Maextro S800 modeli ulanyldy. Bu ulag zarýad nokadyna özüni özbaşdak park edip bilýär, ýöne zarýad kabelini baglamak üçin ulagdan düşmeli bolýardy. Wideodan görnüşi ýaly, robot gol eýesini ulagdan düşürmezden, zarýad kabelini awtomatiki usulda baglap, ulagy zarýada goýmagy başardy.


Huawei kompaniýasy bu tehnologiýany 600 kWt kuwwatly iň güýçli zarýad stansiýasynda görkezdi. Bu stansiýa 100 kWt/sagat göwrümli batareýany bary-ýogy 10 minutda zarýadlaýar.
Täze robot goly 2025-nji ýylyň ikinji çärýeginde köpçülikleýin ulanyşa girizmek meýilleşdirilýär. Bu stansiýalarda BYD, Xpeng, Li Auto, Aito, JAC we Great Wall ýaly dürli awtoulaglar hem zarýad alyp bilerler.


02.03.2026 14:22
2.5k+

Huawei meşhur Mate 80 Pro modelini 1300 ýewro bahasy bilen dünýä bazaryna çykardy

Huawei kompaniýasy halkara bazary üçin Mate 80 Pro flagman smartfonyny tanyşdyrdy. Bu waka 2022-nji ýyldaky Mate 50 Pro modelinden bäri bu seriýanyň dünýä derejesindäki ilkinji uly hödürlenilişi boldy. Smartfonyň 16 GB operatiw we 512 GB içerki ýat (fleş-ýat) bilen üpjün edilen görnüşine 1300 ýewro baha kesildi...

06.02.2026 14:14
840

Apple bilen Lenovo-nyň yhlasy bilen planşet bazary geçen ýyl tas 10% ulaldy

Omdia seljeriji kompaniýasynyň hasabatyna görä, 2025-nji ýylda dünýäniň planşetler bazary durgunlykdan soň gaýtadan dikeldi. Iberilen önümleriň möçberi 9,8% ösüp, 162 million gurluşa ýetdi we bu 2020-nji ýyldan bäri iň ýokary görkeziji diýmekdir...

22.12.2025 13:32
4.7k+

Amsterdamda uçarlary çekmek üçin elektrik tirkeg ulaglary ulanylyp başlandy

Niderlandlaryň KLM Royal Dutch Airlines awiakompaniýasy uçarlara hyzmat etmek üçin ilkinji Goldhofer elektrik tirkeg ulaglaryny ulanylyşa girizdi. Täze tehnika Amsterdamdaky Shiphol howa menzilinde, ýurduň iň uly howa merkezleriniň birinde işläp başlady...

24.10.2025 09:49
2.9k+

Huawei üýtgeşik dizaýn bilen router hödürledi

Huawei kompaniýasy Weibo sosial ulgamynda öz täze Huawei Router X3 Pro routeriniň suraty bilen paýlaşdy. Onuň tanyşdyrylyşy noýabrda bolar. Gizmochina-nyň belleýşi ýaly, gurluş adaty tor gajeti däl-de, has dogrusy, interýer elementi ýaly görünýär...