Huawei meşhur Mate 80 Pro modelini 1300 ýewro bahasy bilen dünýä bazaryna çykardy

  • şu gün 14:22
  • 555

Huawei kompaniýasy halkara bazary üçin Mate 80 Pro flagman smartfonyny tanyşdyrdy. Bu waka 2022-nji ýyldaky Mate 50 Pro modelinden bäri bu seriýanyň dünýä derejesindäki ilkinji uly hödürlenilişi boldy.
Smartfonyň 16 GB operatiw we 512 GB içerki ýat (fleş-ýat) bilen üpjün edilen görnüşine 1300 ýewro baha kesildi.


Smartfonyň tehniki aýratynlyklaryna 6,75 dýuýmlyk OLED ekrany, durulygy 2832 x 1280 piksel, täzelenme ýygylygy 120 Gs we iň ýokary ýagtylygy 3000 kd/m² degişlidir.
Esasy kamera: 50 megapiksellik sensor, üýtgeýän diafragma (F/1,4–F/4,0) we optiki stabilizasiýa bilen üpjün edilen.
Goşmaça kameralar: Makrosurata düşürmek we 4 esse optiki zoom üçin 48 MP modul, şeýle hem 40 MP ultra giň burçly sensor.
Öňki kamera: 13 MP durulyga eýe. Ähli sensorlar 4K formatynda wideo ýazgy etmegi goldaýar.
Batareýa: 5750 mAs sygymly. 100 Wt simli we 80 Wt simsiz çalt zarýad beriş ulgamy bar.
Agramy 219 gram bolan korpus IP68 we IP69 standartlary boýunça tozandan we suwdan doly goralýar.
Hytaý bazary üçin niýetlenen HarmonyOS 6.0 ulgamyndan tapawutlylykda, halkara nusgasy EMUI 15.0 binýadynda işleýär. Şeýle hem smartfon Wi-Fi 7 we Bluetooth 6.0 ýaly döwrebap aragatnaşyk standartlaryny goldaýar.


06.02.2026 14:14
812

Apple bilen Lenovo-nyň yhlasy bilen planşet bazary geçen ýyl tas 10% ulaldy

Omdia seljeriji kompaniýasynyň hasabatyna görä, 2025-nji ýylda dünýäniň planşetler bazary durgunlykdan soň gaýtadan dikeldi. Iberilen önümleriň möçberi 9,8% ösüp, 162 million gurluşa ýetdi we bu 2020-nji ýyldan bäri iň ýokary görkeziji diýmekdir...

24.10.2025 09:49
2.9k+

Huawei üýtgeşik dizaýn bilen router hödürledi

Huawei kompaniýasy Weibo sosial ulgamynda öz täze Huawei Router X3 Pro routeriniň suraty bilen paýlaşdy. Onuň tanyşdyrylyşy noýabrda bolar. Gizmochina-nyň belleýşi ýaly, gurluş adaty tor gajeti däl-de, has dogrusy, interýer elementi ýaly görünýär...

18.01.2025 17:12
4k+

Huawei elektrikli ulaglaryň zarýad stansiýalaryna robot gol ornaşdyrar, ol zarýad kabelini özbaşdak baglar

Huawei kompaniýasy elektrikli awtoulaglary zarýada goýmagy aňsatlaşdyrmak üçin täze robot goly hödürledi. Zarýad kabelini ulagyň zarýad nokadyna özbaşdak baglap bilýän robot gol şu ýylyň ikinji çärýeginde ähli...

12.01.2025 11:43
5.4k+

Samsung, açyl! Koreý tehnoägirdi Huawei-den tapawutlanýan üç eplenýän smartfonyny taýýarlaýar

Samsung bazara ilkinji bolup çykan Huawei Mate XT modelinden tapawutlanýan üç ekranly täze smartfonyny işläp taýýarlar. Bu barada SisaJournal-E koreý neşiri habar berýär. Smartfonyň funksional aýratynlygy häzirlikçe...