Samsung, açyl! Koreý tehnoägirdi Huawei-den tapawutlanýan üç eplenýän smartfonyny taýýarlaýar

  • 12.01.2025 11:43
  • 5.4k+

Samsung bazara ilkinji bolup çykan Huawei Mate XT modelinden tapawutlanýan üç ekranly täze smartfonyny işläp taýýarlar. Bu barada SisaJournal-E koreý neşiri habar berýär.

Smartfonyň funksional aýratynlygy häzirlikçe belli däl, ýöne CES sergisinde kompaniýa açylan ýagdaýynda 12,4 dýuým diagonally ekrana eýe bolýan prototipi hödürledi. Ýöne täjirçilik wersiýasynyň has ykjam bolmagyna garaşylýar.
Ýatlap geçsek, Mate XT-niň ekrany S harpy ýaly ýygnalýar, ýagny bir eplem içine, beýleki eplem daşyna bolýar. Bu Huawei kompaniýasyna diňe bir displeý ulanmaga mümkinçilik berdi, ýöne ekranyň bir epleminiň daşynda durýandygy üçin onuň döwülmek töwekgelçiligi ýokary bolýar.
Huawei-den tapawutlylykda Samsung başgarak ýol saýlady we eplemiň G harpy görnüşinde bolmagyny makul bildi, ýagny iki eplem hem içine bakdyrylar. Ýöne şeýle dizaýn bilen, smartfonyň ekrany ýygnalan ýagdaýynda görünmez, netijede ulanyjy her gezek ulananda smartfony doly açmaly bolar ýa-da goşmaça displeýiň oturdylmagy gerek bolar.
Şeýle-de, täze smartfon Samsung-yň beýleki käbir modelleri ýaly ekranasty kamera eýe bolmaz we çäkli tiraž bilen çykarylar – bary-ýogy 300 000 birlik.
Beýleki maglumatlar gijräk peýda bolar.


22.03.2026 04:00
3k+

Pixel 10 Pro XL batareýasynyň 1000 mAs uly bolmagyna garamazdan, iş wagty boýunça Galaxy S26-dan yza galdy

Pixel 10 Pro XL smartfony batareýasynyň göwrüminiň 1000 mA·sag has uly bolmagyna garamazdan, awtonom işleýiş wagty boýunça Samsung Galaxy S26 modelinden ýeňildi. «GSMArena» çeşmesiniň geçiren synaglaryna görä, Galaxy S26 işjeň tertipde takmynan 15 sagat 20 minut, Pixel 10 Pro XL bolsa 12 sagat 29 minut işlemegi başardy...

22.03.2026 02:50
2.4k+

Galaxy S22 Ultra ABŞ-da iň köp yzyna tabşyrylýan Android smartfony boldy

2025-nji ýylda ABŞ-da smartfonlar üçin "trade-in" (könesini berip, täzesini almak) maksatnamalary rekord derejä — 6,4 milliard dollara ýetdi, bu bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende 42% köpdür. Bu baradaky maglumatlar "Assurant" kompaniýasynyň hasabatynda getirilýär...

03.03.2026 15:24
6.7k+

Galaxy S26 Ultra aýdylyşyndan has çalt zarýad alýar

Samsung-yň flagman smartfony Galaxy S26 Ultra resmi taýdan yglan edilendäkiden has ýokary zarýad alyş tizligini görkezdi. Tanyşdyryş wagtynda kompaniýa Super Fast Charging 3.0 tehnologiýasy arkaly enjamyň 30 minutda 75%-e çenli zarýad alyp biljekdigini habar beripdi...

03.03.2026 06:09
11k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasyny iPhone-nyň we Xiaomi-niň kameralary bilen deňeşdirdiler

Internetde Samsung kompaniýasynyň täze flagman smartfony bolan Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezýän deňeşdirme suratlary peýda bolup başlady. Hususan-da, bir meňzeş sahnanyň birbada birnäçe enjamda, ýagny Samsung Galaxy S26 Ultra, Xiaomi 17 Ultra, Samsung Galaxy S25 Ultra, iPhone 17 Pro Max, Vivo X300 Pro we Oppo Find X9 Pro smartfonlarynda düşürilen suratlary çap edildi...