Huawei üýtgeşik dizaýn bilen router hödürledi

  • 24.10.2025 09:49
  • 2.9k+

Huawei kompaniýasy Weibo sosial ulgamynda öz täze Huawei Router X3 Pro routeriniň suraty bilen paýlaşdy. Onuň tanyşdyrylyşy noýabrda bolar.

Gizmochina-nyň belleýşi ýaly, gurluş adaty tor gajeti däl-de, has dogrusy, interýer elementi ýaly görünýär.
Huawei-niň inženerleri adaty tekiz korpusdan ýüz öwrüp, dizaýna başgaça çemeleşdi. Täze X3 Pro ýokarylygyna gysylýan we ýokary bölegi dury bolan silindriň şekilinde ýerine ýetirildi. Içinde bolsa yşykly dag depesiniň modeli ýerleşýär. Hödürlenen suratlarda ak we gyzyl yşykly görnüşler görünýär, ýöne reňki sazlap bolýandygy ýa-da enjamyň dürli görnüşde hödürlenýändigi entek belli däl.
Routeriň ýanynda meňzeş dizaýnly, ýöne kiçi göwrümli ikinji enjam görkezilýär – bu Mesh-retranslýator. Ol goşmaça kabelleri geçirmezden, Wi-Fi örtügini giňeltmäge mümkinçilik berýär.
Huawei entek tehniki aýratynlyklar barada maglumat bermese-de, Gizmochina neşiri täze enjamyň Wi-Fi 7 we NearLink şlýuzynyň goldawyna eýe boljakdygyny çaklaýar. Çeşmäniň maglumatlaryna görä, X3 Pro routeri Huawei-niň akylly öý ekoulgamynyň esasy elementleriniň biri bolup, birikdirilen gurluşlaryň durnukly işlemegini üpjün eder we olary bir merkezden dolandyrmaga mümkinçilik berer. 


06.02.2026 14:14
779

Apple bilen Lenovo-nyň yhlasy bilen planşet bazary geçen ýyl tas 10% ulaldy

Omdia seljeriji kompaniýasynyň hasabatyna görä, 2025-nji ýylda dünýäniň planşetler bazary durgunlykdan soň gaýtadan dikeldi. Iberilen önümleriň möçberi 9,8% ösüp, 162 million gurluşa ýetdi we bu 2020-nji ýyldan bäri iň ýokary görkeziji diýmekdir...

18.01.2025 17:12
3.9k+

Huawei elektrikli ulaglaryň zarýad stansiýalaryna robot gol ornaşdyrar, ol zarýad kabelini özbaşdak baglar

Huawei kompaniýasy elektrikli awtoulaglary zarýada goýmagy aňsatlaşdyrmak üçin täze robot goly hödürledi. Zarýad kabelini ulagyň zarýad nokadyna özbaşdak baglap bilýän robot gol şu ýylyň ikinji çärýeginde ähli...

12.01.2025 11:43
5.4k+

Samsung, açyl! Koreý tehnoägirdi Huawei-den tapawutlanýan üç eplenýän smartfonyny taýýarlaýar

Samsung bazara ilkinji bolup çykan Huawei Mate XT modelinden tapawutlanýan üç ekranly täze smartfonyny işläp taýýarlar. Bu barada SisaJournal-E koreý neşiri habar berýär. Smartfonyň funksional aýratynlygy häzirlikçe...

11.11.2024 16:09
3.7k+

Huawei täze, has ygtybarly we çydamly batareýa görnüşini oýlap tapdy

Huawei batareýanyň ömrüni, howpsuzlygyny we öndürijiligini ýokarlandyrjak täze gaty elektrolit batareýasyny işläp düzdi. Bu tehnologiýa batareýalarda esasy meseleleriň biri bolan suwuk elektrolitleriň bozulmagynyň...