Jeýms Kemeron “Awatar 3” filminiň sýužeti barada maglumatlar bilen paýlaşdy

  • 18.01.2025 15:55
  • 4.8k+

Režissýor Jeýms Kemeron Empire neşiri bilen söhbetdeşlikde “Awatar: Ot we kül” (Аватар: Огонь и пепел) filminden täze kadrlary paýlaşdy hem-de sýužet barada käbir maglumatlary berdi.

Kadrlaryň birinde Warang atly täze personaž – Kül halkynyň serkerdesi şekillendirilen. Ony “Tagtlaryň oýnundan” Talisa Meýgiriň roly bilen tanalýan Una Çaplin ýerine ýetirer.

“Warang – uly kynçylyklardan geçen halk lideri. Ol bu kynçylyklar bilen taplanan. Biz muny erbetlik diýip hasap etsek-de, ol öz halky üçin ähli zada taýýar. Filmde ýeke-täk gaçjak bolan zadymyz, bu lenç edilen ak bilen gara bölünme boldy. Biz “hemme adamlar erbet, hemme Na’wi gowy” paradigmasynyň çäginden çykmaga çalyşýarys” – diýip, Kemeron belledi.

Warangdan başga-da, filmde Ýel söwdagärleriniň – uly jandarlaryň üstünde bulutlarda gezýän çarwa halkynyň urugy peýda bolar.
Franşizanyň üçünji bölüminiň premýerasy 19-njy dekabra meýilleşdirilýär. Onuň býujeti 250 mln dollara barabar. Öňki bölüm 350-460 mln dollar býujet bilen 2,3 mlrd dollar gazandy. “Awatar 4-üň” 2029-njy ýylyň 21-nji dekabrynda çykmagyna garaşylýar, soňra 2031-nji ýylyň 19-njy dekabrynda “Awatar 5” çykmaly.


düýn 20:14
1.8k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......