2025-nji ýylyň fewral aýynda Türkmenistanda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi mälim edildi

  • 18.01.2025 10:51
  • 5.5k+

17-nji ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowa fewral aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, geljek aýda 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli welaýatlarda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny, brifingleri, wagyz-nesihat çärelerini, aýdym-sazly dabaralary geçirmek göz öňünde tutulýar.
Gazet-žurnallaryň redaksiýalary tarapyndan dürli döredijilik bäsleşikleriniň yglan edilmegi meýilleşdirilýär.
Mundan başga-da, ýokary hem-de hünär-tehniki, orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň, umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda “Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly uniwersiadanyň we spartakiadanyň sport ýaryşlaryny geçirmek göz öňünde tutulýar.
Fewral aýynyň esasy çäreleriniň hatarynda “Täze taryhy döwrüň dünýä nusgalyk ösüşleri — Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baş ýörelgesi” atly dabaraly maslahat, “Sungat — parahatçylygyň dili” atly şekillendiriş sungaty eserleriniň sergisi, “Milli ýörelgelerimiz nesil terbiýesinde”, “Türkmen Bitaraplygy — halkara parahatçylygyň we durnukly ösüşiň kepili” atly maslahatlar, “Parahatlyk — geljege mukaddes miras” atly dabaraly çäre hem bar.


düýn 17:31
1k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.7k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.8k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....