Mel Gibson bilen Silwester Stallone Trampyň Golliwuddaky ýörite wekili bolar

  • 18.01.2025 00:53
  • 12k+

ABŞ-nyň saýlanan prezidenti Donald Tramp özüniň Truth Social sosial ulgamynda “Golliwud boýunça ýörite wekillerini” belländigini habar berdi. Olar Mel Gibson, Silwestr Stallone we Jon Woýt ýaly aktýorlar we režissýorlar diýip, The New York Times habar berýär.

Syýasatçy: "Jon Woýtyň, Mel Gibsonyň we Silwester Stallonyň Golliwud (Kaliforniýa ştaty) ýaly beýik, ýöne gaty kyn ýerde ýörite wekillerim boljakdygyny mälim etmek meniň üçin mertebedir" – diýip ýazdy. Olaryň öňünde soňky dört ýylda daşary ýurt studiýalaryndan yza galan "Golliwudy öňki ornuna gaýtaryp getirmek" we "öňküsinden has uly, has gowy we güýçli etmek" maksadyny goýýandygyny aýtdy.

"Örän  zehinli bu üç adam meniň gözüm we gulagym bolar, olar näme teklip etse, şony ederin" - diýip, Tramp aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde, Ak tamyň geljekki baştutany olara haýsydyr bir resmi ygtyýarlyk beriljekmi ýa-da bu wezipe diňe wekilçilikli wezipe boljakmy, anyk aýtmady. Politico neşiri bu wakany "görlüp-eşidilmedik" diýip atlandyrdy. Adatça, ABŞ-nyň prezidentleri ýörite wekilleri ABŞ üçin möhüm bolan başga ýurtlara ýa-da sebitlere belleýärler. Olaryň wezipesi Ak tamyň administrasiýasynyň şol ýurtlaryň ýolbaşçylary bilen gatnaşyklaryny utgaşdyrmakdan ybarat bolýar.
Stallone bilen Woýt Trampy 2016-njy ýylda geçen ilkinji prezidentlik kampaniýasyndan bäri goldaýarlar. Hatda Stallone syýasatçyny “ikinji Jorj Waşington” diýip atlandyrdy. Gibson hem Trampy goldap, oňa ses bermäge çagyrypdy diýip, Forbes ýazýar.


şu gün 11:08
1.1k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

düýn 09:56
2.1k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.6k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....