Coca-Cola Trampa kasam kabul ediş dabarasy üçin “Ak öýli” çüýşäni sowgat etdi

  • 17.01.2025 12:20
  • 14k+

Coca-Cola kompaniýasynyň baş müdiri Jeýms Kuinsi ABŞ-nyň saýlanan Prezideni Donald Trampyň wezipä girişmek dabarasy üçin Ak öýüň şekili bolan ýörite çüýşäni sowgat berdi. Bu barada Newsweek habar berýär.

Coca-Cola çüýşesinde şeýle ýazgy bar: “Birleşen Ştatlaryň Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasy”, Donald Tramp ady we 2025-nji ýylyň 20-nji ýanwary senesi.
Bu hereket Tramp bilen Coca-Cola-nyň arasyndaky öňki oňşuksyzlyklary göz öňünde tutsaň, möhüm syýasy ähmiýete eýedir. 2021-nji ýylda kompaniýa Trampyň Jorjiýa ştatyndaky saýlawlaryň netijelerine täzeden garamak hereketini ýazgardy. Coca-Cola-nyň özi bu ştatda esaslandyrylypdy.
Muňa jogap hökmünde Tramp Coca-Cola we Jorjiýanyň täze saýlaw kanunyna garşy çykýan beýleki kompaniýalar bilen aragatnaşygy kesmäge çagyrdy. Bu kanun uzak aralykdan ses beriş üçin suratly şahadatnamany görkezmegi talap edýär. Bu öz gezeginde birnäçe kompaniýada nägilelik döretdi. 


düýn 20:25
6k+

«Hoş geldiňiz, ýöne özüňizi gowy alyp baryň!»: Tramp öz portreti bolan ABŞ pasportyny görkezdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp çäklendirilen tapgyrda çykaryljak amerikan pasportlarynyň nusgasyny görkezdi. Bu tapgyryň çykarylmagy ýurduň garaşsyzlygynyň 250 ýyllygyna bagyşlanýar. Döwlet Baştutany täze......

düýn 16:55
4.5k+

BMG, ABŞ we Ýewropa Bileleşigi ýer titremelerinden ejir çeken Wenesuela kömek iberdi

Halkara guramalar we birnäçe döwletler bolup geçen iki sany weýrançylykly ýer titremesinden soň Wenesuela ynsanperwer kömegini bermegi yglan etdiler. Iň soňky maglumatlara görä, ýurtda aradan çykanlaryň sany......

27.06.2026 23:56
6.3k+

Ak tam daşary ýurtlulara gaçybatalga bermegiň doly bes edilýändigini mälim etdi

ABŞ-nyň administrasiýasy daşary ýurt raýatlaryna gaçybatalga bermegini bütinleý bes edýändigini yglan etdi. Bu barada geçirilen brifingde Ak tamyň işgärler apparatynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Stiwen Miller......

25.06.2026 14:47
5.3k+

ABŞ-nda Nýu-Ýorky tupanlardan we suw joşgunlaryndan gorajak 10 kilometrlik taslama taýýarlanylýar

ABŞ-nyň Goşunynyň inženerler bölegi Nýu-Ýork şäherini güýçli şumal tolkunlaryndan we suw joşmalaryndan gorajak ägirt uly ulgamyň taslamasyny hödürledi. Bu taslamanyň esasy bölegi Rokhaweý ýarym adasy bilen......