Disney+ we Marvel “Gözsüz batyr: Gaýtadan dünýä inen” serialynyň treýlerini çykardy

  • 17.01.2025 11:42
  • 3k+

Disney+ we Marvel “Gözsüz batyr: Gaýtadan dünýä inen” (Сорвиголова: Рождённый заново) atly super gahryman serialynyň treýlerini köpçülige ýetirdi. Serial 4-nji martda Disney+ akym platformasynda görkezilip başlar.

Serialda baş gahryman kör aklawçy Mett Merdokyň keşbi ýene-de Çarli Koks tarapyndan ýerine ýetirilýär.
Bu serial, 2015-2018-nji ýyllar aralygynda Netflix platformasynda görkezilen “Daredevil” (Сорвиголова) serialynyň dowamy bolup durýar. Täze serialda Merdogyň jenaýat dünýäsiniň lideri Kingpin ady bilen tanalýan Uilson Fisk bilen bolan gapma-garşylygy görkeziler. Kingpiniň keşbini Winsent D’Onofrio ýerine ýetirýär.
Filmde Jezalandyryjynyň (Каратель) keşbinde Jon Berntal, şeýle-de Debora Enn Uoll, Margarita Lewiýewa, Maýkl Gandolfini ýaly birnäçe aktýorlar çykyş eder. Serialyň režissýorlary hökmünde “Aý rysary” (Лунный рыцарь) we “Loki” (Локи) ýaly taslamalaryň üstünde işlän Jastin Benson bilen Aaron Murhed çykyş edýär.
Serialyň birinji möwsümi 9 bölüme bölüner. Taslama eýýämden ikinji möwsüme-de uzaldylyp, onuň surata düşürilişine şu ýylyň içinde başlanar.


şu gün 11:08
1.1k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

düýn 09:56
2.1k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.6k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....