Microsoft emeli aňyň ösdürilişini tizleşdirmek üçin “CoreAI” atly aýratyn bölüm döredýär

  • 17.01.2025 11:34
  • 848

Microsoft kompaniýasy “CoreAI” atly täze inženerçilik bölüminiň döredilýändigini mälim etdi. Bu bölümiň ýolbaşçysy Jeý Parih bolar. Bölüm emeli aň (AI) gurallaryny we programmalaryny ösdürmäge gönükdiriler diýip, The Verge neşiri habar berýär.

Microsoft-yň baş müdiri Satýa Nadella 2025-nji ýylyň emeli aň ulgamynda öwrülişikli ýyl boljakdygyny belläp geçdi. Onuň pikirine görä, adatça onlarça ýyllap dowam edýän üýtgeşmeler geljek üç ýylyň dowamynda amala aşar.
CoreAI bölümi häzirki zaman AI programmalaryny işläp düzmek üçin niýetlenen “AI-first app stack” infrastrukturasyny döretmäge gönükdiriler. Bu infrastruktura Azure platformasyna esaslanar we esasy gurallar hökmünde Azure AI Foundry, GitHub we VS Code ulanylar. Täze işlenip düzülen AI ulgamlary SaaS bazarynda uly özgertmelere sebäp bolup biler.
Aslynda, häzirki wagtda Microsoft ähli programmistlerini dolulygyna emeli aň ugruna gönükdirýär.
Täze bölümiň ýolbaşçysy Jeý Parih, mundan ozal hem Meta kompaniýasynda ýokary wezipelerde işläpdi. Häzirki wagtda ol gönümel Satýa Nadellanyň garamagynda işleýär. Parih bilen bilelikde başga-da birnäçe ýolbaşçy iş alyp barar, olar: Erik Boýd (AI platformasynyň ýolbaşçysy), Jeýson Teýlor (AI infrastrukturasy boýunça tehniki müdiriň orunbasary), Juliýa Lýuson (Dev Div ýolbaşçysy) we Tim Bozart (programmistleriň infrastrukturasyna jogapkär).


17.06.2026 11:11
1.3k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6.1k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7.1k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......

03.06.2026 15:15
3.6k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......