Australian Open öz ýaýlymlarynda hakyky tennisçileri uly kelleli awatarlar bilen çalyşdy

  • 17.01.2025 11:15
  • 3.1k+

Iň uly tennis ýaryşlarynyň biri bolan Australian Open-i gurnaýjylar oýunlary ýaýlyma bermekde çäklendirmeleri ýeňip geçmek üçin özboluşly çözgüt tapdy. Olar hakyky oýunçylary Wii Sports oýnunyň äheňinde ýerine ýetirilen äpet kelleli sanly awatarlar bilen çalyşdy diýip, TechSpot habar berýär.

Tennis habarçysy Bastýen Fahan türgenleriň hereketini gaýtalaýan animasiýany döretmek üçin hereketi yzarlamak tehnologiýasynyň ulanylandygyny düşündirdi. Şeýle çemeleşme guramaçylara awtorlyk hukuklaryny bozmazdan oýny giň köpçülige görkezmäge mümkinçilik berdi.
Şuňa meňzeş tehnologiýalar sport ýaýlymlarynda eýýäm ulanyldy. Mysal üçin, geçen ýyl NHL ligasy Looney Tunes multfilmlerinden personažlaryň, mysal üçin, Bagz Banniniň we Gufiniň gatnaşmagynda oýunlaryň sanly wersiýasyny döretdi. Tomaşaçylar şeýle tejribelere, esasan, oňyn garaýar. Käbirleri hatda oýunlaryň sanly wersiýalarynyň has gyzyklydygyny belleýär.
Australian Open-iň hem bu başlangyjy döwrebap tehnologiýalaryň sport ýaýlymlarynyň adaty görnüşini üýtgedip, dünýädäki tomaşaçylar üçin täze mümkinçilikleri açyp biljekdigini görkezýär.


19.05.2026 16:26
6.8k+

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy wezipesine gaýtadan saýlandy

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň (TTF) başlygy wezipesine täze dört ýyllyk möhlete gaýtadan saýlandy. Bu çözgüt Aşgabatda geçirilen hasabat-saýlaw maslahatynda biragyzdan kabul edildi we......

18.05.2026 17:48
1.5k+

Sinner bassyr altynjy gezek «Masters» ýaryşynda ýeňiş gazandy

Dünýäniň birinji raketkasy Ýannik Sinner Rimde geçirilen ATP «Masters» seriýasynyň ýaryşynyň ýeňijisi boldy. Ol finalda norwegiýaly Kasper Ruudy 6:4, 6:4 hasabynda utmagy başardy....

04.05.2026 14:06
1.6k+

Sinner yzygiderli bäş «Masters» ýaryşynda utmagy başaran ilkinji tennisçi boldy

Italýan tennisçisi, dünýäniň birinji raketkasy Ýannik Sinner Madridde geçirilen «Masters» seriýasynyň ýaryşynda ýeňiji boldy we taryhy üstünlige ýetdi....

03.05.2026 11:45
1.1k+

Sinner «Masters» ýaryşlarynyň rekordyny goýup, Federerden we Jokowiçden öňe geçdi

Italýan tennisçisi Ýannik Sinner Madridde geçirilýän ATP «Masters» ýaryşynyň finalyna çykdy we bu kategoriýadaky ähli ýaryşlaryň finalyna ýetmegiň tizligi boýunça rekord goýdy....