9 ýaşly küştçi halkara ussat ady üçin talap görkezijisini ýerine ýetirip, rekord goýdy

  • 17.01.2025 11:08
  • 3.9k+

Russiýadan 9 ýaşly Roman Şogjiýew halkara ussat ady üçin talap görkezijisini ýerine ýetiren iň ýaş küştçi boldy. Rekord 2024-nji ýylyň dekabr aýynda Belgradda geçirilen RadnickiChess IM ýaryşynyň jemi boýunça goýuldy diýip, Chess.com habar berýär.

Şogjiýew şol ýaryşlarda mümkin bolan 9 utukdan 7 utuk gazanyp, diňe ýaryşyň ýeňijisi bolan 60 ýaşly türk grossmeýsteri Suat Atalikden utuldy.
Halkara ussat titulyny almak üçin Roman ýene iki ýaryşda netijesini tassyklap, 2400 Elo reýtingine ýetmeli. Adaty küştlerde onuň reýtingi 2349 punkta deň.
Titul üçin ilkinji baly Şogjiýew 9 ýyl 10 aý we 7 gün ýaşynda aldy. Roman şeýle netijäni bir aý giç goýan argentinaly Faustino Oronyň rekordyny täzeledi.
Şogjiýew küşt bilen dört ýaşynda meşgullanyp başlady, ýedi ýaşynda bolsa 9 ýaşa çenli çagalaryň arasynda Russiýanyň çempiony boldy. Ol bu ýaryşda iki gezek ýeňiji boldy, şeýle-de dünýä we Aziýa birinjiliklerinde altyn medal gazandy.
Ol 2024-nji ýylda 10 ýaşa çenli çagalaryň arasynda dünýä çempiony we 11 ýaşa çenli çagalaryň arasynda Russiýanyň çempiony boldy. 


21.06.2026 21:03
2.1k+

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....

15.06.2026 14:15
7.9k+

DÇ-2026-nyň 4-nji güni: Kýurasaonyň debýuty gorkuly düýşe meňzedi, ýewropalylar bolsa aziýalylardan yza galýarlar

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň dördünji oýun güni birbada iki sany iri hasaply ýeňlişi, soňky minutlarda dartgynly tomaşa öwrülen oýunlary we taryhy rekordlary getirdi....

13.06.2026 12:21
2.9k+

Amerikan talyby päsgelçilikli 110 m aralyga ylgamakda dünýä rekordyny goýdy

Amerikaly ýeňil atletikaçy Ja'Kobe Tarp ABŞ-nyň Milli talyp sport assosiasiýasynyň (NCAA) ýaryşynda päsgelçilikli 110 metr aralyga ylgamak boýunça dünýä rekordyny goýdy....

08.06.2026 12:15
2.1k+

Roman Şogjiýew grossmeýsteriň ilkinji normasyny ýerine ýetiren iň ýaş küştçi boldy

Russiýaly Roman Şogjiýew taryhda grossmeýsteriň ilkinji normasyny ýerine ýetiren iň ýaş küştçi boldy. Bu barada Russiýanyň küşt federasiýasynyň resmi saýtynda habar berilýär....